Goňşy Owganystanda ýokarlanýan durnuksyzlygyň arasynda Täjigistan söweşjeň taýýarlygy barlaýar
Uruşdan ejir çeken Owganystanyň demirgazyk sebitlerinde “Talybanyň” öz çägini giňeltmegi sebäpli Merkezi Aziýada ýokarlanýan howpsuzlyk aladalarynyň arasynda Täjigistan söweşjeň taýýarlygy barlamak üçin öz ýaragly güýçleriniň hüşgärlik derejesini ýokarlandyryp, owgan serhedine müňlerçe goşun ýerleşdirendigini aýdýar. Täjigistan 22-nji iýulda prezident Emomali Rahmonyň permany bilen 100 müň işjeň harby gullukçyny, şeýle-de, kanun goraýjy agentliklerden, ätiýaçdaky harby serkerdelerden, ätiýaçdaky... Читать дальше...