Türkmenistanda ýol hadysasynda ölen harby gullukçylaryň sany 30-dan aşdy
Azatlyk Radiosyna Türkmenistanda heläk bolan 18 harby gullukçynyň ölüminiň jikme-jiklikleri barada käbir goşmaça maglumatlar gelip gowuşdy. Azatlygyň maglumatyna görä, merhumlaryň garyndaşlaryna aýdylyşy ýaly, köp sanly esgeriň we ofiseriň ölümine hakykatdan hem uly ýol hadysasy sebäp boldy. Şeýle hem, habarçylarymyz we çeşmelerimiz ölenleriň sanynyň 30-dan gowrak adama ýetendigini habar berdiler. Wakanyň bolan pursady 10-dan gowrak KamAZ kysymly ulagdan ybarat harby kerwen Bekrewedäki garnizona barýardy. Читать дальше...