Býujet işgärlerine biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmak gadagan edilýär
Türkmenistanda döwlet edara-kärhanalarynda işleýän raýatlara garşy täze talap güýje girizildi. Dil üsti bilen edilýän bu talaba laýykda, býujet işgärlerine biometriki pasportlarynyň möhletini uzaltmak gadagan edilýär. Raýatlaryň biometriki pasportlary elinden alynýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň biri-birinden garaşsyz dört habarçysy maglumat berýär. Lebapdaky habarçymyzyň maglumatyna görä, Darganata, Dänew we Farap etraplaryndaky býujet işgärleriniň ençemesine biometrik pasporty almazlyk tabşyryldy. Читать дальше...