Koronawirus maşgalalary aýraçylyga sezewar edýär
COVID-19 ýokanjy bütin dünýä giň ýaýrandan soňra, daşary ýurtlarda galan müňlerçe türkmen raýatlary yzyna, Türkmenistana dolanmagy arzuw etmäge başladylar. Olaryň aglabasy öýli-işikli, çagalary bolan raýatlar. “Men geçen ýylyň başlarynda operasiýa üçin daşary ýurda çykanymda, ýanýoldaşyma we çagalaryma 15-20 gün içinde yzyma dolanjakdygymy söz beripdim. Emma, bir ýarym ýyldan gowrak wagtlap watana dolanmak arzuwyny edýärin” diýip 50 ýaşlaryndaky, adynyň tutulmagyny islemedik zenan Azatlyk Radiosyna aýdýar. Читать дальше...