Moldowanlar tomusky kriziden soň geçirilýän ilkinji saýlawlarda ses berýärler
Moldowada ýerli häkimiýetler üçin umumy saýlaw geçirilýär.
Ýerli ýaşaýjylar şäherleriň we oba adminstrasiýalarynyň 9 ýüz çemesi ýolbaşçysyny, şeýle-de ýerli geňeşler üçin 11 müňden gowrak deputat saýlarlar.
Moldowanyň paýtagty Kişinýowyň häkimi bolmak üçin 17 kandidat bäsleşýär. Esasy çekeleşik prezidentiň Sosialistler partiýasyndan Ion Çeban bilen Ýewropa tarapdar “Häzir Platforma” partiýasynyň başlygy Andreý Nastase arasynda gider öýdülýär.
Geçen tomus bolan saýlawlarda Çeban-da, Nastase hem ikinji tapgyra çykdy. Şonda uly bolmadyk tapawut bilen Nastase ýeňdi. Emma sud bu saýlawlary hakyky däl diýip yglan etdi we onuň netijelerini ýatyrdy.
Nastase we onuň tarapdarlary sudy syýasy äheňlilikde we oligarh Wlad Plahotnýugyň we onuň dolandyryjy Demokratik partiýasynyň tabşyrygyny ýerine ýetirmekde aýyplady.
Kişinýowda ses berişligiň netijeleriniň ýatyrylmagy tomusda syýasy krizisiň döremegine alyp geldi.
Netijede sosialistler we ýewropa tarapdar blok, Demokratik partiýany häkimiýetden çetleşdirmek üçin, parlament koalisiýasyny düzdi, Plahotnýuk Moldowany terk etdi.