Moldowanlar tomusky kriziden soň geçirilýän ilkinji saýlawlarda ses berýärler
Moldowada ýerli häkimiýetler üçin umumy saýlaw geçirilýär. Ýerli ýaşaýjylar şäherleriň we oba adminstrasiýalarynyň 9 ýüz çemesi ýolbaşçysyny, şeýle-de ýerli geňeşler üçin 11 müňden gowrak deputat saýlarlar. Moldowanyň paýtagty Kişinýowyň häkimi bolmak üçin 17 kandidat bäsleşýär. Esasy çekeleşik prezidentiň Sosialistler partiýasyndan Ion Çeban bilen Ýewropa tarapdar “Häzir Platforma” partiýasynyň başlygy Andreý Nastase arasynda gider öýdülýär. Geçen tomus bolan saýlawlarda Çeban-da, Nastase hem ikinji tapgyra çykdy. Читать дальше...