Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Telekeçileriň ençemesi ýol gurluşygy boýunça bäsleşikde korrupsiýanyň höküm sürýändigini aýdýar, resmi muny ret edýär

Aşgabat-Daşoguz täze awtomobil ýoluny gurmak boýunça yglan edilen bäsleşikde korrupsiýanyň höküm sürýändigini, diňe para beren gurluşyk firmalarynyň bäsleşikde ýeňiş gazanyp bilýändigini, türkmenistanly telekeçileriň ençemesi aýdýar.
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň wekili bu aýdylanlary ret edýän mahaly, telekeçiler ‘para-berimiň’ gurluşygyň, awtomobil ýolunyň hiline ýaramaz täsir etjekdigini duýdurýarlar. Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji maýda sebitden maglumat berdi.
“Awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek boýunça alty sany lot boýunça geçirilýän bäsleşikde gurluşyk işleri dört bölekden ybarat bolup, olary gurmaga isleg bildirýän hususy gurluşyk firmalaryndan onuň her bölegi üçin 3 million ABŞ dollary möçberinde para soralýar” diýip, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildiren hususy gurluşyk firmanyň ýolbaşçysy anonimlik şertinde aýtdy.
Bellesek, Türkmenistanyň resmi metbugaty Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek we täzesini gurmak boýunça halkara bäsleşigiň yglan edilýändigini aprel aýynyň üçünji ongünlüginiň başynda habar berdi.
“Para araçylaryň üsti bilen soralýar”Bäsleşik teklipleriniň bildirişiň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýändigini, “Biznes Türkmenistan” neşiri 22-nji aprelde çap eden maglumatynda aýtdy.
Düýbi Aşgabatda ýerleşýän hususy gurluşyk firmalarynyň ýene biriniň ýokary derejeli wekili hem bu maglumaty tassyklap, ýoluň dört böleginiň gurluşygyny hem öz üstüne almak isleýän telekeçilerden jemi 12 million ABŞ dollary möçberinde para soralýandygyny aýtdy.
“Para araçylaryň üsti bilen soralýar we ony beren gurluşyk firmasyna her bir bölegi takmynan 150 kilometr töwereginde bolan ýoly abatlamak, olaryň ugrunda köprüleri we ýerasty geçelgeleri gurmagyň tabşyryljakdygy wada berilýär” diýip, gurluşyk firmanyň wekili anonimlik şertinde aýtdy.
Azatlykda bu firmalaryň we olaryň ýolbaşçysynyň hem-de wekiliniň şahsyýetlerini anyklaşdyrýan takyk maglumatlar bolsa-da, redaksiýa söhbetdeşlerimiziň howpsuzlygy zerarly olary köpçülige mälim etmekden saklanýar.
Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrligindäki ygtybarly çeşmämiz hem, gürrüňi edilýän bäsleşik boýunça gurluşyk firmalaryndan para soralýandygyny, ýöne soralýan paranyň möçberi barada özünde anyk maglumatyň ýokdugyny aýtdy.
“Bu öňden bäri dowam edip gelýän tejribe. Bu bir täzelik däl. Gurluşyk ýa-da beýleki pudaga degişli tenderleri gazanmak isleýänler käbir döwlet emeldarlarynyň araçylaryna para bermeli bolýarlar” diýip, çeşmämiz belledi.
“Gurluşyk materiallaryndan tygşytlamaga...”Azatlyk 7-nji maýda bu aýdylanlar barada resmi teswir almak üçin ýurduň Awtomobil ýollary ministrligi bilen telefon arkaly habarlaşdy. Özüni ministrligiň Daşary ykdysady aragatnaşyklar bölüminiň wekili diýip tanyşdyran resmi “biz olar ýaly ýagdaýyň bardygyny bilemizok, bizde beýle maglumat ýok” diýip jogap berdi.
Para alym-berim ýagdaýlary barada özlerine şikaýatlaryň gelip gowşandygy ýa-da gowuşmandygy barada berlen soraga ol “şeýle şikaýatlaryň ne öň bolandygyny, ne-de häzir bardygyny” aýtdy.
Awtomobil ýollary ministrliginiň wekili bu aýdylanlary ret edýän mahaly, telekeçiler ‘para-berimiň’ gurluşygyň, awtomobil ýolunyň hiline ýaramaz täsir etjekdigini duýdurýarlar.
“Aşgabat-Daşoguz gara ýoly doly diýen ýaly gaýtadan gurmaly ýagdaýa gelipdir. Bu bolsa goşmaça demontaž işlerine hem köp wagt, hem-de serişde, tehnika gerek boljakdygyny aňladýar. Ýagny bäsleşigi gazanan firma köp çykdajy etmeli bolar. Ýöne firma beren parasynyň öwezini dolmak üçin gurluşyk materiallaryndan tygşytlamaga mejbur bolar. Bu bolsa, ýoluň gurluşygy doly tamamlanmanka, ýoluň ulanylmaga berlen böleklerinde çukurlaryň emele gelmegine getirmegi ikuçsyz. Şeýle tejribe mundan ozalky gurluşyklarda hem gaýtalanypdy” diýip, aşgabatly telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.
Dünýäniň iň bir ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanda korrupsiýanyň hökümetiň, durmuşyň tas ähli pudagyna ýaýrandygy barada Azatlygyň habarçylary, şeýle-de türkmenistanlylar ýyllarboýy habar berip gelýärler.
Korrupsiýanyň derejesine syn edýän "Transparency International" guramasynyň 10-njy fewralda çap eden soňky ýyllyk hasabatynda Türkmenistan dünýäde iň korrumpirlenen ýurtlaryň hatarynda ýerleşdirilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net