Pakistanda otly çaknyşygynda azyndan 23 adam öldi
Saglyk resmileriniň maglumatyna görä, hadysada azyndan 84 adam ýaralanyp, olaryň käbiriniň ýagdaýy agyr bolmagynda galýar.
Ýerli polisiýa resmisi otlynyň ýurduň gündogaryndaky Lahore şäherinden günorta-günbataryndaky Bulujystan welaýatyna ugrandygyny, şeýle-de hadysanyň Walhar wokzalynda ýüze çykandygyny mälim etdi.
Hadysanyň sebäpleri häzirlikçe aýdyň däl.
Emma, demirýollary ministri muňa adam ýalňyşynyň sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýtdy.