Türkmenistanda awtobusyň ýol heläkçiligine uçramagy zerarly azyndan 17 adam wepat boldy
Şenbe güni 14-nji aprelde Türkmenistanda ýol heläkçiligi zerarly azyndan 17 adam wepat boldy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatyna görä, ýol hadysasy 14-nji aprelde ýerli wagt bilen öýlän sagat bäş töwereginde Çüli jülgesiniň golaýynda bolupdyr. Bu meşhur dynç alyş zolagy paýtagt Aşgabatdan 20 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Ýerli çeşmeleriň Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň bermegine görä, bazar güni irden pidalaryň sany 17 adama ýetipdir. Ýaralananlar barada takyk maglumat ýok. Читать дальше...