Azerbaýjan saýlawdan öň garaşsyz mediany agyzdyryklady
Žurnalistleri goraýan komitet Azerbaýjanyň häkimiýetleri geljek hepde geçiriljek irki prezident saýlawlaryndan öň “hakykatda başga pikir aýtmagyň formal ýollarynyň ählisini arassalady” we bu iş uzak wagtlyk prezident Ylham Alyýewiň täze prezidentlik möhletini gazanmagy üçin edildi diýýär. “Azerbaýjanyň häkimiýetleri raýatlary ýuwaşatmaga gezek gelende janypkeş we ugurtapyjy bolup geldi” diýip, düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän metbugat gözegçiligi guramasynyň 6-njy aprelde çap eden beýanatynda aýdylýar. Читать дальше...