Orsýetliler Moskwa sebitindäki zir-zibil harmanyna garşy protest bildirýär
Protestçiler häkimiýetleriň Ýadrowa obasyndaky zir-zibil harmanyny ýapmagyny talap etdiler.
Ýaşaýjylar bu ýere zir-zibil dökülmegine garşy ýanwar aýyndan bäri protest bildirýärler, emma olaryň demonstrasiýalary mart aýynyň 21-nde onlarça çaga gaz zäherlenmesi alamaty bilen hassahana ýerleşdirilenden soň has ýygjamlaşdy.
Wolokolamskda mundan öň, 1-nji aprelde guralan protestde müňlerçe adam zir-zibil dökülýän ýeriň ýapylmagyny talap etdi. Moskwanyň we ýakyndaky regionlaryň zir-zibili dökülýän Ýadrowa zibilhanasy 2008-nji ýylda açyldy.