Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


THF: Türk prokuraturasy türkmen aktiwistleriniň ýitirim bolan gününe degişli wideolar bilen üpjün edilmedi

Türk prokuraturasy Edirne sebitiniň Migrasiýa müdirligine degişli deportasiýa merkeziniň türkmen aktiwistleriniň ýitirim bolan gününe degişli wideo gözegçilik ýazgylaryny özlerine bermegi sorap iberen ýüzlenmesine jogap aldy diýip, Türkmen Helsinki gaznasy (THF) 22-nji aprelde habar berdi.
Sosial ulgamlarda türkmen häkimiýetlerini tankytlaýan çykyşlary arkaly tanalan iki aktiwist, Alişer Sahatow bilen Abdylla Orusow geçen ýylyň 24-nji iýulynda Edirne şäherinde, deportasiýa merkezinden boşadylanyndan soň ýitirim boldy.
“Görkezilen hatyň esasynda, daşary ýurt raýatlarynyň administratiw saklanyş möhletiniň tamamlanan senesi bolan 24.07.2025 senesine degişli deportasiýa merkeziniň kamera ýazgylary soraldy. Merkezde kamera ýazgylarynyň 6 aý saklanýandygy sebäpli, degişli ýazgylara elýeterlilik üpjün edilip bilinmedi” diýip, Türkmen Helsinki gaznasy Migrasiýa müdirliginiň Edirne şäher prokuraturasyna iberen jogabyny sitirleýär.
Ýatlatsak, türk prokuraturasynyň deportasiýa merkeziniň türkmen aktiwistleriniň ýitirim bolan gününe degişli wideo gözegçilik ýazgylaryny özlerine bermegi sorap, 8-nji aprelde Edirne sebitiniň Migrasiýa müdirligine hat iberendigini, Türkmen Helsinki gaznasy 16-njy aprelde habar berdi.
"Edaranyň ýolbaşçylarynyň hereketleri uly şübhe döredýär"Türkmen migrantlarynyň 2025-nji ýylyň 27-nji iýulynda boşadylandygyny aýdan işgärler olaryň anyk haýsy wagtda goýberilendigi, soň haýsy tarapa gidendigi baradaky wideoýazgylaryň görkezilmegini soran aklawçylara ilki ýolbaşçynyň ýokdugyny aýdan bolsalar, soň bu barada maglumat bermekden üzül-kesil boýun gaçyrdylar diýip, adam hukuklaryny goraýjy gurama belledi we degişli resmileriň şondan bäri, bu maglumatlary bermezlik üçin, dürli usullara ýüz urýandygyny öňe sürdi.
Gaznanyň wekili Annadurdy Hajyýew guramanyň 22-nji aprelde çap eden maglumatynda türkmen bloggerleri ýitirim bolanyndan bäri bu edaranyň ýolbaşçylarynyň hereketleri uly şübhe döredýär diýýär.
“Ilki bilen, edaradan çykmazdan öň Alişer ýolbaşçylaryň özüne şahsy aýdyp beren duýduryşyny ýakynlaryna ýetirdi: güýä abatlaýyş işleri sebäpli telefon we internet arkaly aragatnaşyk bolmaz. Üstesine-de, iki ýigidiň hem telefonlarynyň hasaplary öňünden doldurylypdy we Alişeriň aýaly Gülala onuň merkezden çykan badyna derrew özüne jaň etjekdigine ynanýar” diýip, gaznanyň wekili Hajyýew belleýär.
Türkiýede ýaşaýan we türkmen hökümetini açyk tankyt eden iki türkmen bloggeri 2025-nji ýylyň aprel aýynyň ahyrynda tussag edilip, üç aýa golaý wagtlap deportasiýa merkezinde saklandy.
"Çagalarym her gün kakasyny soraýar"Iýun aýynda Türkiýäniň Samsun şäheriniň sudy olary Türkmenistana deportasiýa etmek hakynda karar çykardy, emma 13-nji iýunda çykarylan bu karar barada olaryň aklawçysyna 27-nji iýunda habar berildi. 2025-nji ýylyň 14-nji iýulynda Türkiýäniň Konstitusion sudy olaryň deportasiýasyny ýatyrmak barada karar çykardy.
Sahatowyň aýaly Gülala Hasanowa 20-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda adamsynyň tussag edilenine tas 1 ýyl bolýandygyny we onuň bilen soňky gezek geçen ýylyň 24-nji iýulynda gepleşendigini we şondan soň 9 aý bäri onuň ykbalyndan doly bihabar galýandygyny aýtdy. Hasanowa Türkiýäniň kanun goraýjy edaralaryna yzygiderli ýüzlenýändigini, emma hiç hili jogap alyp bilmeýändigini hem belledi.
"Çagalarym her gün kakasyny soraýar. Men näme jogap berjegimi bilmeýärin. Men şeýle bir kyn ýagdaýda welin, nädip düşündirjegimi-de bilmeýärin" diýip, Hasanowa aýtdy.
Türk parlamentiniň agzasy Ömer Faruk Gergerlioglu 20-nji aprelde Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda aktiwistleriň ykbalyna degişli meselä ençeme aý bäri ünsi çekip gelýändigini we degişli türk häkimiýetlerine ençeme gezek ýüzlenendigini, emma jogap alyp bilmeýändigini aýtdy.
"Alişer Sahatow we Abdulla Orusow öldürildimi? Ýa-da kanunlara garşy alnyp gaçyldymy?“Uly bir sessizlik bar. Aslynda, olar deportasiýa merkezinden çykandan soň, gözegçilik kamerasynyň ýazgylary arkaly hemme zat anyklanyp bilnerdi. Ýöne kimdir biriniň munuň anyklanmagyny islemeýändigi aýdyň. Bu türkmen aktiwistleriniň nähilidir bir ýol bilen Türkmenistana iberilendigi aýdyň. Bu meselede sessizlik höküm sürýär. Gaty bir agyr ýagdaý bar. Alişer Sahatow we Abdulla Orusow öldürildimi? Ýa-da kanunlara garşy alnyp gaçyldymy?” diýip, Gergerlioglu belledi.
39 ýaşly Sahatow “Erkin Garaýyş" YouTube kanalynda türkmen hökümetini tankytlap çykyş edipdi we ýurtda polisiýanyň eden-etdiligi, korrupsiýa ýaly problemalary gozgapdy. Orusowyň TikTok blogynda we 2024-nji ýyldan bäri alyp barýan YouTube kanalynda türkmen raýatlary türkmen jemgyýetiniň derwaýys meselelerini diskussiýa edipdi.
Adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalar Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana deportasiýa edilen ýagdaýynda olara çynlakaý howp abanýandygyna aladalanma bildirip gelýärler.
"Human Rights Watch" (HRW) guramasy Sahatowyň we Orusowyň Türkmenistana alnyp gidilendigi hakykata laýyk bolan ýagdaýynda, munuň Türkiýäniň öz üstüne alan halkara borçlaryny bozandygyny aňladýandygyny belledi.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we Ankaradaky türkmen ilçihanasy aktiwistleriň ykbaly baradaky mesele hakynda häzire çenli haýsydyr bir beýanat bilen çykyş etmän gelýärler.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net