Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Balkanda satylýan çüýrük pomidor alyjylara we satyjylara zyýan ýetirýär

Balkan welaýatynyň döwlete degişli söwda nokatlarynda uly mukdarda satuwa pomidor çykaryldy. Ýurduň içinde öndürilen bu pomidorlaryň hili örän ýaramazdygy sebäpli hyrydary köp bolman, satyjylaryň zyýan çekýändigini we ilatyň satyn almaga mejbur edilýändigini Balkandaky çeşmeler habar berýärler.


"Türkmenistanyň içerki önümi bolan bu pomidorlar hepdäniň 2-nji güni tas ähli döwlet dükanlaryna paýlanyp berildi. 1 kilogramy 8 manatdan bahalanýar, ýöne gynansak-da, ol pomidoryň Balkanda hyrydary tas ýok" diýip, balkanly söwda resmisi aýtdy.


Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan söwda pudagyndaky çeşmeler bu "pomidor bolçulygyny" daşary ýurtlara eksport edilmek üçin niýetlenen içerki önümiň gyssagly satylmagyna zerurlygyň döränligi bilen düşündirdi.




Ýagdaýdan gönüden-göni habarly çeşmeleriň biri satuwda peýda bolan bu harydy "hyrydarlaryny ýitiren türkmen pomidorlary" diýip atlandyrdy we onuň geçmän galmagynyň sebäplerini hiliniň örän pesdigi bilen düşündirdi: "Orsýetde we Gazagystanda türkmen pomidoryna bolan isleg peseldi. Biziň önümimizde himiki düzümi normadan ýokary we içinde dürli zyýankeşler tapylýar diýlip, ondan ýüz öwrülýär. Pomidorlary diňe içerki bazara ýerleşdirmekden başga çäre galmady".


Balkanyň döwlet dükanlarynda satylýan bu arzan pomidorlaryň hiliniň örän ýaramazdygyny satyjylar hem aýdýarlar.


"Balkanabadyň daýhan bazaryndaky iri döwlet dükanlary toplumyndaky arzan pomidorlar howanyň sowuk bolmagy we ösdürip ýetişdirilende himiki dökünleriň aşa köp ulanylandygy üçin bir günüň dowamynda çüýräp, akyp zaýa bolýar" diýip, dükan satyjysy aýdýar.


Onuň sözlerine görä, dükanda her gün ýüzlerçe kilogram pomidor zaýa bolup, onuň çykdajylary satyjylaryň boýnuna goýulýar.


"Welaýat söwda ýolbaşçymyz ähli döwlet dükanyna we söwda pudagyndaky işgärlere zaýalanan pomidorlar üçin çykdaýjy zyýanlary töledýär" diýip, balkanly söwda işgärleriniň biri gürrüň berdi.


Azatlyk bilen söhbetdeş bolan söwda işgärleriniň ýene biriniň bellemegine görä, ýerli söwda ýolbaşçylary köp mukdardaky bu pes hilli pomidorlary gyssagly satmaga howlugýarlar we tiz zaýalanýan önümiň maddy zyýanyny gowşatmak üçin dürli ýollary gözleýärler.


Bu aralykda welaýat ilaty, hususan-da käbir býujet işgärleri, zaýalanan pomidorlary satyn almaga mejbur edilip başlandy.


"Şu gün ir bilen şäheriň kommunal işgärlerine mejbury görnüşde her birine 5 kilogramdan pamidorlaryň bir bölegini fewralyň aýlygyndan tölemek şerti bilen satmagy ýola goýdular. Şeýle hem söwda resmileri welaýatyň bilim bölümi müdirine pedagoglara hem 5 kilogramdan pomidor satmagy tabşyrdy. Olara hem pomidory fewral aýynyň aýlygyndan tölemek şerti bilen satmak ylalaşyldy. Ertirden başlap söwda dükanlarynyň awtoulaglarynda mekdeplere aýlanyp, mugallymlara pomidor satmaly edildik" diýip, balkanly çeşmeleriň ýene biri 22-nji ýanwarda gürrüň berdi.


Pes hilli pomidorlary almaga mejbur edilýän balkanlylar özlerinden alynýan pulunyň boş sarp edilýändigini, sebäbi bu gök önümiň iýmite düýpden ýaramaýandygyny gürrüň berýärler.


"Pomidorlaryň daşy gyzyl içi ak. Tagamy ýok. Bu gaty pomidorlar çagalarda iç geçme we allergiýa döredýär" diýip, balkanabatly ýaşaýjy aýtdy.




Türkmenistanda öndürilýän pomidorlar Orsýete, Gazagystana we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryna eksport edilýär.


Media serişdelerinde çap bolýan maglumatlara görä, pomidor - Türkmenistanyň daşary ýurtlara eksport edýän esasy gök-önümleriniň biri hapalanýar.


Türkmenistanyň Gyrgyzystana pomidor iberýän esasy ýurt bolandygy we Özbegistan hem-de Hytaý ýaly ýurtlardan öňe geçendigi belli boldy.


"Türkmenportal" neşiriniň ýanwaryň başynda çap eden maglumatyna görä, Türkmenistan geçen ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda Gyrgyzystana 15,2 müň tonna pomidor eksport edip, 8,9 million amerikan dollaryna barabar girdeji alypdyr. Bu, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, eksportyň 23% artandygyny görkezýär.


Tazabek.kg neşiriniň Gyrgyzystanyň Milli statistika komitetine salgylanyp ýazmagyna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlarynda gyrgyz bazaryna iberilen türkmen pomidorlarynyň umumy bahasy 7,6 million amerikan dollaryna barabar bolup, umumy mukdary 12,3 müň tonna ýetipdir.


Türkmenistanyň Orsýete eksport edýän pomidoryna degişli metbugatda çap bolan maglumatlaryň ençemesinde Türkmenistandan Russiýa eksport edilen onlarça tonna pomidorda zyýankeş mör-möjekleriň tapylandygy habar berlipdi.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net