Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Tükmenistanda 'dedowşina' diňe goşunda däl, studentleriň arasynda hem ýaýraýar

Lebap welaýatynyň ýeke-täk ýokary okuw jaýynyň studentleri özlerinden has uly ýaşly studentleriň süteminden ejir çekýändigini habar berdiler. Azatlyk Radiosynyň habarçysy bu ýagdaýy ýakyndan öwrendi.


Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan ençeme student öz durmuş şertlerini we studentleriň arasyndaky gatnaşyklary goşun gullugyndaky "dedowşina" eden-etdiligine deňedi.


Azatlyk Radiosy bilen anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan ýaşlar umumy ýaşaýyş jaýynda "ýaşar ýaly bolmady" diýip, kiçi kurs studentleriň ýokary kurs studentler tarapyndan urgulara, kemsitmelere we gynamalara sezewar edilýänligini gürrüň berdiler.




"Men gije hajathana çykmaga gorkýaryn. Uly kursdaky talyplar ol ýerde elmydama menden çilim, nas üçin pul soraýarlar, bermedik ýagdaýymda meni we meniň deň-duşlarymy ýençýärler" diýip, studentleriň biri ýagdaýy gürrüň berdi.


Studentleriň sözlerine görä, şuňa meňzeş ýagdaýlar birnäçe ýylyň dowamynda gaýtalanýar, emma ýokary okuw jaýynyň administrasiýasy problemany bilse-de, ony çözmeýär.


"Täze ýyl baýramçylygynda tanyşyma umumy ýaşaýyş jaýyna gizlin arak getirmegi buýurdylar. Ýolda ony garawul arak bilen tutdy we ÝOJ-yň administrasiýasyna habar berdi. Ol administrasiýa hakykatlary aýtdy, emma başgalary urýan oglanyň administrasiýada howandary bar bolany üçin oňa ynanmadylar we temmi çäresi hökmünde ÝOJ-yň territoriýasynda ýer depdirliler” diýip, student öz tanyşynyň başdan geçiren ýagdaýlaryny paýlaşdy.


Studentleriň ýene biri ÝOJ-yň çäginde student ýigitleriň arasynda has ýaşlardan pul talap etmek we zorluk görkezmek ýaly hereketlerden başga-da, ýerli studentleriň beýleki welaýatlardan gelen studentleri köplük bolup ýençmegine degişli ýagdaýlaryň hem köp bolýanlygyny aýdýar.


“Meniň 3-nji kursdaky tanyşym umumy leksiýa sapagynda türkmenabatly bir oglan bilen tersleşipdir. Sapaklar tamamlanandan soň, ol oglan bir marşrutkanyň içi doly şäherli oglanlary getirip, olar talyby çöle alyp gidip, ýençdiler. Institutyň administrasiýasy degişli waka baradaky maglumatyň kanun goraýjy edaralara ýetmez ýaly edip, ‘basdyr-ýusdur’ etdi" diýip, ýene bir student gürrüň berdi.


2024-nji ýylyň ýazynda bu ÝOJ-yň studentleri öz mugallymlary tarapyndan urgulara we kemsitmelere sezewar edilýänligini habar beripdi.


Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan studentler mugallymlaryň studentler babatyndaky diýdimzorlugy studentleriň arasynda bir-birine zor-sütemiň ýaýramagyna ýol açýar diýip pikir edýärler.




"ÝOJ-yň administrasiýasy we mugallymlary kiçi kurslardaky talyplary urýan ýokary kurs talyplary üçin görelde bolýarlar. Köpçülikde talyplary kemsitmek, mertebesine degmek, ulynyň diýenini dogry bolsa-da, bolmasa-da ýerine ýetirmek ýaly hereketler dedowşinanyň saklanmagyna esas döredýär. Mugallymlar gerek bolsa, bizi ýençýärler, gul ýaly ot ordurýarlar, ýer depdirýärler. Biziň ene-atalarymyz bolsa, bu zatlara göz ýumýarlar" diýip, studentleriň ýene biri gürrüň berdi.


Azatlyk Radiosy bu institutyň umumy ýaşaýyş jaýyndaky ýagdaýlar barada onuň ýolbaşçylaryndan resmi görnüşde maglumat we teswir alyp bilmedi.


Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet pedagogiki instituty Lebap welaýatyndaky ýeke-täk ýokary okuw jaýydyr, şeýle-de ol ýurduň iň köne uniwersitetlerinden biridir. Resmi maglumatlarda institutyň 20-ä golaý ugur boýunça milli bilim ulgamy üçin ýokary hünärli mugallymlary we terbiýeçileri taýýarlaýandygy aýdylýar.


Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan ýaşlara häkimiýetler berk gözegçilik edýär, olaryň okuwdan boş wagtyny geçirmegine, kanikul döwründe özüni alyp barşyna degişli dürli çäklendiriji düzgünler girizilýär.


Studentler ýyllarboýy okuwa derek köpçülikleýin çärelere çekilýärler we konsertlerde, teatrda öz hasabyna tomaşaçy bolmaga mejbur edilýärler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net