ABŞ-nyň döwlet sekretary Gürjüstandaky saýlaw bidüzgünçilikleriniň "doly derňelmegine" çagyrýar
"Halkara gözegçileri netijäni azat we adalatly diýip yglan etmedi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Blinken ABŞ resmileriniň "halkara kadalarynyň ähli bozulmasyny ýazgarýandygyny, halkara gözegçileriniň we ýerli synçylaryň saýlawlara degişli hukuk bozulmalary barada berlen ähli habary doly derňemek baradaky çagyryşlaryna goşulýandygyny" aýtdy.
Resmi netijeleriň yglan edilmegi bilen, häkimiýet başyndaky "Gürjüstan arzuwy" partiýasy geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny aýtdy.
Emma Günbatara tarapdar oppozisiýa bu netijäni kabul etmekden ýüz öwürdi we ony Kremliň agdarylyşygy we "Russiýanyň ýörite operasiýasy" diýip atlandyrdy.