Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Eýran Türkiýeden Türkmenistana barýan ýük ulaglaryny öz gümrük nokatlaryndan geçirmeýär

Eýran bir aý çemesi wagt bäri Türkiýeden Türkmenistana barýan kargo ýük ulaglarynyň ençemesiniň türkmen – eýran gümrük nokatlaryndan üstaşyr geçmegine rugsat bermeýär. Türkmenistanyň ýük ulaglary Eýrandan öz ýurduna aşmak üçin alternatiw ýollary gözleýär diýip, Azatlyk Radiosynyň ýagdaýdan habarly çeşmeleri aýdýar.


Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda kargo işi bilen meşgullanýan hususy taraplar hem özleriniň Türkiýeden Türkmenistana iberýän ýollamalarynyň gijikdirilýändigini, soňky bir aýdan gowrak wagt bäri ýükleriniň Türkmenistana gowuşmaýandygyny tassyklaýarlar.


“Eýran döwleti näme üçindir türkmen kargo ýük ulaglaryny Türkmenistana geçirmeýär. Bellisi ýok. Ýöne Türkmenistan döwlet belgili awtomobil ýük ulaglarynyň sürüjileri Azerbaýjanyň Baku şäherine baryp, şol ýerden deňiz ýollary arkaly Türkmenistana aşmaga çalyşýarlar” diýip, çeşmelerimiz aýdýar.


Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda Artyk, Sarahs we Bajygyran gümrük nokatlary bar.


Azatlyk Radiosy türkmen ýük ulaglarynyň Eýrandan Türkmenistana üstaşyr geçirilmeginiň çäklendirilmegi bilen bagly jikme-jiklikleri öwrenmäge synanyşýar.




Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasynda haryt dolanyşygynyň ýokary depgini saklanyp galýar. Türkmenistanly telekeçiler Türkiýeden dürli görnüşli harytlary, şol sanda öý goşlaryny, tekstil önümlerini we hojalyk harytlaryny getirip, Türkmenistanyň söwda nokatlaryna ýerleýärler.


Lebaply telekeçiler tas her gün diýen ýaly onlarça ýük ulagynyň Türkiýeden öz ýaşaýan sebitlerine haryt getirýändigini aýdýarlar.


“Holodilnikler, kir ýuwujy maşynlar, kondisonerler, gaz plitalary, öý goşlary, diwanlar, egin-eşikleriniň ähli görnüşleri, tekstil önümleri kargo kompaniýalarynyň üsti bilen Türkiýeden Türkmenistana getirilýär” diýip, bir lebaply ýaşaýjy aýdýar.


Şol bir wagtda Türkiýäniň Stambul şäherinde Türkmenistana kargo ýollamak hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalar hereket edýär. Bu kärhanalar Türkiýede gazanç edýän türkmenistanly migrantlar bilen olaryň Türkmenistanda galan dogan-garyndaşlarynyň arasynda hem köpri bolup hyzmat edýär.


“Stambulda ýörite Türkmenistana kargo iberýän kargo nokatlary bar. Türkiýede gazanç edýän türkmenler Türkmenistandaky dogan-garyndaşlaryna, ata-enelerine, çagalaryna egin-eşikleri we hojalyk harytlaryny şol kargo nokatlarynyň üsti bilen iberýär” diýip, beýleki bir lebaply ýaşaýjy aýdýar.


Ýöne soňky bir aýdan gowrak wagt bäri Eýranyň Türkmenistana barýan üstaşyr awtomobil ýük ulaglarynyň hereketini çäklendirmegi bilen, Türkiýeden iberilen ýollamalaryň eýelerine gowuşmagy uzaga çekýär.


10-njy noýabrdan bäri Lebap welaýatynyň çägine ýekeje-de kargo ýük ulagy gelmedi diýip, Azatlygyň çeşmeleri aýdýar.




Eýranyň Türkiýeden gelýän türkmen kargo ýük ulaglarynyň gözegçilik-geçiriş gümrük nokatlaryndan geçirmegine rugsat bermezliginiň sebäpleri aýdylmaýar.


Mundan ozal, global koronawirus pandemiýasynyň fonunda, 2020-nji ýylyň bahar aýlarynda 800-den gowrak türkiýeli ýük ulag sürüjileri Eýranyň Türkmenistan bilen aradaky serhet geçelgelerini ýapmagynyň yz ýany, Eýrandan Türkmenistana geçip bilmän ýolda galdylar.


Türkmenistan özüniň iri halkara we sebitara ulag-üstaşyr geçelgelerine goşulýandygyny, gümrük amallaryny sadalaşdyrýandygyny, hem-de sebit ýurtlary bilen transport pudagynda hyzmatdaşlyklary ösdürýändigini aýdýar.


Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran topary 17-nji noýabrda Aşgabatda duşuşyp, iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň, şol sanda ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň häzirki ýagdaýyny we geljegini maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar birnäçe resminamalara gol çekdiler.


Türkmen metbugatyna görä, Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary goňşy Eýran bilen ýakyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlyklary ileri tutýar. Eýran soňky ýyllarda Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň daşary ýurt döwletlerine üstaşyr eksport edilmegine-de işjeň gatnaşýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ria.city
Загрузка...

Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net