USCIRF Pakistanyň owgan bosgunlaryny ýurtdan çykarmagyna alada bildirýär
Pakistan geçen aý dokumentleşdirilmedik 1.7 million töweregi bikanun owgan bosgunlarynyň köpçülikleýin ýurtdan çykaryljakdygyny yglan etdi. Bu ädim Günbatar hökümetleri we hukuk toparlary tarapyndan tankytlandy.
Resmi maglumata görä, bu tagallalaryň çäginde Pakistandan eýýäm 300 müň töweregi owgan bosguny çykypdyr.
Munuň üçin 1-nji noýabr diýlip kesgitlenen soňky möhletden soň, Yslamabat owganlary zor bilen ýurtdan çykaryp başlady.