Netanýahu Gazadaky operasiýany "Ysraýylyň ikinji garaşsyzlyk urşy" diýip atlandyrdy
Ministrler kabinetiniň agzalary ysraýyl goşunynyň Gaza zolagyna doly möçberinde girizilmeginiň gutulgysyz bolandygyny aýtdylar. Netanýahu Hamasa garşy söweşi “Ysraýylyň ikinji garaşsyzlyk söweşi” diýip atlandyrdy we munuň uzyn we kyn boljakdygyny aýtdy.
Netanýahu žurnalistleriň Ysraýylyň howpsuzlyk güýçleriniň we goşunynyň Hamasyň eden hüjüminiň öňüni alyp bilmezliginde çekýän şahsy jogapkärçiligi barada beren ilkinji soragyna jogap bermekden gaçalak etdi.
"Uruşdan soň hemmeler jogap berer, şol sanda menem jogap bermeli bolaryn" diýip, ol aýtdy.
"The Times of Israel” gazeti onuň edil şu hili sözleri hepdäniň başynda hem aýdandygyny belledi.
Ol howpsuzlyk gullugynyň ediljek hüjüm barada duýduryş bermäge synanyşandygy, ýöne olaryň diňlenilmändigi barada aýdylýanlary nädogry, ýagny hakykata laýyk gelmeýän maglumat diýip atlandyrdy.
Netanýahuyň sözlerine görä, Ysraýylyň Goranmak güýçleri, harbylaryň sanyny, goşun sürüljek ýerleri meýdanyny ulaldyp, Gazadaky operasiýanyň “ikinji tapgyryna” başlady.
Mundan öň harbylaryň zolagyň demirgazyk bölegini ele geçirjekdigi aýdylypdy.