Onlarça tatar aktiwisti 1552-nji ýylda ýykylan Kazan hanlygynyň goragçylaryny ýatlady
Emma muňa garamazdan, häkimiýetler Kazan hanlygynyň ýykylmagynyň 451 ýyllygy mynasybetli gurnalmakçy bolan köpçülikleýin ýygnanyşyga resmi taýdan rugsat bermekden ýüz öwürdiler.
Bu sene ýa-da hatyra güni Sowet Soýuzy dargaly bäri bellenip gelinýär.
Aktiwistler 15-nji oktýabrda Kazandaky Soýembike diňiniň golaýyna ýygnandylar we Kazanyň goragçylaryny hatyralamak üçin köpçülikleýin doga etdiler.
Kazan häkimiýetleri soňky ýyllarda aktiwistleriň bu hili çäreleri geçirmeklerine, ýurt goragçylaryny ýatlamaklaryna rugsat bermek islemeýär.