Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Aşgabada sapar etdi
Türkmen resmi mediada Berdimuhamedowyň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň uly ykdysady kuwwata eýedigini hem-de olaryň uzak möhletleýin netijeli hyzmatdaşlyga taýýardygy esasynda okgunly ösdürilýändigini belländigini habar berdi. Gepleşikler bilen ilteşikli başga goşmaça maglumat berilmedi.
Mundan öň, Jabbarow ýokary derejeli beýleki türkmen emeldarlary, şol sanda daşary işler ministri Raşid Meredow bilen hem gepleşikleri geçirdi.