“Wagnere” degişli uçaryň derňewi dowam edýär, Prigožiniň bortda bolandygy tassyklanmaýar
“Wagner” toparyna degişli bolan uçaryň bortunda hakyna tutulan söweşijileriň lideri Ýewgeniý Prigožiniň, iki aý mundan öň rus goşunyna garşy pitne turzan rus telekeçisiniň özüniň hem bolandygy çak edilýär.
“Rosawiatsiýa”, Russiýanyň Howa transporty boýunça federal gullugy Moskwanyň demirgazygynda ýykylan uçaryň üstündäki "ýolagçylaryň sanawyna görä, Yevewgeniý Prigoziniň adynyň we familiýasynyň ýazgyda bardygyny" aýtdy.
Russiýanyň döwlet eýeçiligindäki “Nowosti” habar gullugynyň gyssagly kömek gullugynyň işgärlerine salgylanyp ýazmagyna görä, uçaryň harabaçylygyndan şu wagta çenli sekiz adamyň jesedi tapyldy.
Ýöne jesetleriň ol ýa-da beýlekisiniň şahsyýetiniň anyklanandygy barada bir söz hem ýok, Prigožiniň uçarda bolandygy tassyklanylmady.