CPJ gazak häkimiýetlerini žurnaliste edilen hüjümi derňemäge çagyrýar
KazTAG habar gullugynyň habarçysy Sapargyzy 18-nji awgustda Garagandy sebitiniň merkezindäki dag-magdan kärhanasynda bolan heläkçilikli hadysa barada maglumat taýýarlaýan wagtynda bäş sany erkegiň hüjümine sezewar boldy.
Olar güýç ulanyp, žurnalisti ganly hadysanyň bolan ýerinden zor bilen çykardylar we elindäki telefonyny alyp, düşüren wideolaryny öçürdiler.