“Wagner” toparyna degişli uçar weýran boldy. Ýolagçylaryň sanawynda Prigožiniň ady bar
Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligiň maglumatyna görä, uçaryň bortunda jemi 10 adam bolup, olaryň ählisi heläk bolupdyr.
Rosawiasiýa gullugy ýolagçylaryň sanawynyň arasynda Prigožiniň adynyň bardygyny mälim etdi.
Käbir telegram kanallary uçaryň bortunda “Wagner” toparynyň kommandirleriniň biri Dmitriý Utkiniň (lakamy “Wagner”) hem bolandygyny aýdýarlar.
Uçaryň ýere gaçýan pursadynyň wideosy käbir telegram kanallarynda paýlaşyldy.
Uçaryň düşen ýerinden hem wideolar paýlaşyldy.