Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistan “milletara sazlaşygyny üpjün edýändigini” öňe sürýär, milli azlyklaryň meselelerini agzamaýar

Türkmenistan "jynsy kemsitmeleri berk ýazgarýandygyny we yzygiderli esasda milletara sazlaşygyny üpjün etmek ugrunda degişli işleri alyp barýandygyny" öňe sürýär.


Ýöne ýurtda ýaşaýan milli azlyklar etniki gelip çykyşy esasynda ýyllarboýy kemsitmelere sezewar bolýandyklaryny, häkimiýetleriň alyp barýan “türkmenleşdirme” syýasatynyň çäginde iş, okuw ýaly mümkinçilikleriniň berk çäklendirilýändigini aýdýarlar.


21-22-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ženwadaky edarasynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi boýunça hasabat bilen çykyş edýär. Hasabat döwri 2016-2019-njy ýyllar aralygyny öz içine alýar.


Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiň 7-31-nji awgust aralygynda geçýän 110-njy mejlisinde türkmen delegasiýasynyň düzümine Içeri işler ministrliginiň, kanun goraýjy edaralaryň, Baş prokuraturanyň, Adalat ministrliginiň,Mejlisiň we Adam hukuklary boýunça Milli institutyň wekilleri girýär. Topara daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk edýär.


21-nji awgustdaky birinji mejlisde Türkmenistanyň wekilleri adam hukuklary boýunça beýleki halkara maslahatlarynda hem bolşy ýaly, diňe umumy sözler we milli kanunçylyga salgylanmak bilen çäklendiler.




Jynsy taýdan kemsitmeleri ýok etmek meselesinde Türkmenistanyň Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň ýörelgelerinden, Durban Jarnamasyndan hem-de Hereketleriň Maksatnamasyndan ugur alýandygy bellenildi.


Hajiýew ýurtda bu ugurda döredilendigi aýdylýan deň şertler barada gürrüň edende, azlyk bolup ýaşaýan milletleriň wekilleriniň öz dilinde bilim almak, hatda gazetdir-žurnallary okamak mümkinçilikleriniň ýokdugyny agzamady.


Ol geçen ýyl geçirilen soňky ilat ýazuwynyň netijelerine salgylanyp, ýurduň 7 milliondygy aýdylýan umumy ilatynyň 14%-ni beýleki milletleriň wekilleriniň düzýändigini, olaryň sanynyň 936 müňden hem aşýandygyny belledi. Türkmenistanda 61 milletiň wekilleri ýaşaýandygy aýdylsa-da, olaryň etniki gelip çykyşy we degişlilikdäki sany barada hiç hili maglumat berilmedi.


Türkmen resmisi hususanda ýurtda jyns, taýpa, millet ýa-da etniki gelip çykyşyna esaslanýan çäklendirmeleriň ýa-da artykmaçlyklaryň öňüni almak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, muňa delil hökmünde kanuny namalary getirdi, ýöne başga jikme-jik getirmedi.


Azatlyk ýyllarboýy Türkmenistanda ýaşaýan milli azlyklaryň wekilleriniň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, şol sanda pasport almakdaky bökdençlikleri, işe we okuwa girmekdäki meseleleri, medeni hukuklaryndan mahrum edilmegi barada dowamly habar berip gelýär.


Türkmen häkimiýetleriniň ýyllarboýy erjellik bilen öňe sürýän “türkmenleşdirme” syýasaty netijesinde esasan hem etniki özbekleriň kowçum bolup ýaşaýan Daşoguz we Lebap sebitlerinde toýlarda milli türkmen halk aýdymlaryny aýtdyrmak, dürli dabaralara diňe türkmenlere mahsus milli lybaslarda gelmek tabşyrylýar. Mundan başga-da, häkimiýetler raýatyň şahsyýetini görkezýän resminamalarda özleriniň milletini “türkmen” diýip ýazdyrmaga çenli mejbur etdi.


Türkmenistanda garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda milli azlyklaryň wekilleri, şol sanda etniki özbekler we gazaklar ýurduň käbir mekdeplerinde öz ene dillerinde bilim alyp bilýärdiler. Ýöne 2000-nji ýyllarda şeýle mümkinçilikler aradan aýryldy.




Türkmenistanda buluç, tatar, rus, ermeni, gazak we özbek ýaly özge milletleriň wekilleri bar. Ýöne, bellenilişi ýaly, türkmen häkimiýetleri olaryň anyk sany barada maglumat bermeýär.


Mundan başga-da, ýurtdaky milli azlyklaryň hukuklaryny gün tertibine getirýänler basyşlara sezewar edilýär. Türkmenistandaky buluç azlygynyň hukuklaryny goramakda tanalýan Mansur Mingelow, hukuk toparlarynyň aýtmagyna görä öz alyp baran jemgyýetçilik işi üçin ar almak maksady bilen toslanan aýyplamalar esasynda, 2012-nji ýylda 22 ýyl türme möhletine höküm edilipdi.


Türkmenistanda soňky ýyllar ykdysady ýagdaýlaryň agyrlaşmagy we esasy azatlyklaryň hasam gysylmagy arasynda, etniki azlyklaryň wekilleri ýaşap oturan Türkmenistanyny köpçülikleýin ýagdaýda hemişelik terk edip başladylar.


Türkmenistanyň häkimiýetleriniň we habar serişdeleriniň bu meseleleri gozgamaýşy ýaly, türkmen wekilleri bu barada Ženewada geçen maslahatyň dowamynda hem hiç zat aýtmadylar.


Türkmenistan Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýany 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda tassyklady.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net