Özbek blogçysy Mominow ýedi ýyl azatlykdan mahrum edildi
Prokurorlar žurnaliste 11 ýyl iş kesilmegini soradylar.
Mominow 8-nji fewralda tussag edildi we kezzaplykda, adamlary talamakda aýyplandy. 33 ýaşly Mominow prezident Şawkat Mirziýoýewiň tanymal tankytçysy bolup, onuň YouTube kanalyndaky “Quzgu” sahypasynyň 247,000 yzarlaýjysy bar.
Özbegistan soňky aýlarda birnäçe blogçyny tussag etdi we talaňçylykda aýyplady.