Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler
TDH prezident Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek çempionaty ýokary derejede geçirmek baradaky karara gol çekendigini habar berýär.
Habarda aýdylmagyna görä, Kuraş boýunça dünýä çempionatyny geçirmek bilen bagly guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.