DIM: Azerbaýjanyň Eýrandaky ilçihanasynda bir adam atylyp öldürildi
"Hüjümçi howpsuzlyk ýolbaşçysyny Kalaşnikow awtomaty bilen öldürip, garawul postundan geçdi" diýip, ministrlik aýtdy.
Polisiýa güman edilýän bir adamy tussag etdi.
Eýranyň “Tasnim” habar gullugy Tähranyň polisiýa ýolbaşçysyna salgylanyp, güman edilýän adamyň bu bina iki sany ýaş çaga bilen girendigini we onuň bu hereketine "şahsy meseleleriň" sebäp bolan bolmagynyň mümkindigini aýtdy