Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


“Söz azatlygyna agyr zarba”. Azattygy ýapmak niýeti bilen baglanyşykly jemgyýetiň reaksiýasy

Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi köpçülikleýin habar beriş serişdesi bolan "Azattyk Media" edarasynyň işlerini ýatyrmak maksady bilen paýtagtyň Lenin etrap kazyýetine ýüz tutdy. Bu barada bölüme gowşurylan duýduryşda aýdylýar. Kazyýete ýüz tutulan wagtyň senesi görkezilmeýär.


Medeniýet ministrliginiň şikaýaty we syýasatçylaryň pikiri


Medeniýet ministrliginiň talabynda, Gyrgyzystan-Täjigistan serhedindäki çaknyşyk baradaky sosial ulgamlarda ýaýradylan wideo materialyň öçürilmändigi görkezilýär. Şikaýat edijileriň sözüne görä, “Azattyk Medianyň” hereketleri Gyrgyzystanyň "Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda" kanunynyň talaplaryna ters gelýär, 23-nji madda laýyklykda, uruş propagandasyna, zorluga daýanmaga we zalymlyga, milletara, dini hem başga milletlere we halklara çydamsyzlygy ündemäge ýol berilmeýär.


Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrliginiň kazyýet şikaýatyna Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý şeýle düşündiriş berýär. "Biz “Radio Azattyka” edilýän bu bikanun dowamly hüjümleri ret edýäris, biziň reportažymyz garaşsyz. Biz ýurtda alyp barýan işlerimizi gorap saklamak üçin, elýeterli bolan ähli hukuk serişdelerini ulanarys. Gyrgyzystanyň hökümeti her nähili çäre görse-de, biz özümiziň wepaly gyrgyz diňleýjilerimize hyzmat etmegimizi dowam ederis” diýip, Flaý aýdýar.


Gyrgyzystanyň tanymal şahslary, syýasatçylary we jemgyýetçilik işgärleri häkimiýetleriň Azatlygy ýapmak üçin edýän synanyşyklaryny ýazgarýarlar. Hususan-da, parlamentiň öňki deputaty Abdywahap Nurbaýew AÝ/AR-nyň Gyrgyzystanyň garaşsyz döwlet hökmünde esaslanmagyna goşan uly goşandyny ýatlap, söz azatlygynyň demokratik ösüşiň esaslaryndan biridigini belledi.


"Hatda iň totalitar sowetler döwründe-de halk gizlenip Azatlygy, Azamat Altaýy (AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugynyň baýry žurnalisti – Red.) diňläpdi. Adamlar hakykatyň nämedigine, dünýäde bolýan zatlara gyzyklanýardylar. Häzirki döwürde garaşsyzlygymyzy alyp, aýak üstüne galanymyzda, Azattyk örän möhüm. Demokratiýa bolmasa, ýurt ösmez, demokratiýanyň esasy şertleriniň biri söz azatlygydyr. Diňe söz azatlygy bolan ýagdaýynda, açyklyk bolýar, raýat jemgyýeti öz sesini häkimiýete ýetirip bilýär, häkimiýetler bolsa oňa hasap berýärler. Hökümet söz azatlygyny ýok etmäge synanyşyp, öz geljegini howp astyna salýar. Azatlygy ýapmak bolmaz. Azattyk Gyrgyzystanyň garaşsyzlygynyň berkarar bolmagyna, demokratiýany pugtalandyrmaga we jemgyýetiň ösmegine uly goşant goşdy, ol häzirki wagtda-da goşant goşýar we geljekde-de goşant goşar” diýip, öňki parlament wekili aýdýar.


Gyrgyzystanyň Graždan gözegçiligi komitetiniň başlygy, adam hukuklary aktiwisti Dinara Oşurahunowa Medeniýet ministrliginiň Azatlygyň Gyrgyz gullugynyň işlerini bes etdirmek meýli barada kommentariýa berip, şeýle barlyşyksyz ädim üçin, çynlakaý esaslaryň ýokdugyny belleýär.


"Haçan-da prezidentler öz ygtyýarlyklaryny berkitmäge, awtokrat häkimiýetini döretmäge çalşanynda, Azatlyga basyş başlanýar. Graždan jemgyýeti elmydama Azatlygy goldap gelýär. Gynansak-da, häzirki hökümet ony oýlanyp tapylan bahanalar bilen ýapmaga çalyşýar. Birnäçe aýdan bäri söz erkinligine we demokratiýa garşy basyş edilýändigini görýäris: bloggerleri sakladylar we aktiwistleriň tussag etdiler, geçen hepdede 24.kg we Kaktus.media ofislerinde bomba goýlandygy barada habar gowuşdy, aram we demokratik habar serişdelerine basyşlar barýar. Munuň özi örän ýaramaz. Häkimiýetler halkara guramalaryna ýüz tutup, ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça, bilelikdäki hyzmatdaşlyga çagyryş edýärler hem demokratiýa ygrarly boljakdygyna wada berýär. Emma beýleki tarapdan, häkimiýetler söz azatlygyny çäklendirýär. Halkara jemgyýeti bu meselä uly üns berýär" diýip, ynsan hukuklary aktiwisti aýdýar.


Ministrligiň kazyýete ýollan şikaýatyna parlamentiň deputaty Žanar Akaýew hem öz garaýşyny mälim etdi.


"Eger Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrligi hökümetleriň tabşyryklary boýunça iş alyp barsa, bu ýurduň häzirki ýolbaşçylygynyň iň uly ýalňyşy bolup biler. Sebäbi Azatlygy ýapmak synanyşygy söz azatlygyna agyr zarba bolup, demokratik gymmatlyklardan yza gaýtmak bolar. Biz muňa ýol bermeli däldiris. Azattykdan kim gorkýar? Azattykdan ogrular, öz jenaýatyny gizlejek bolýanlar gorkýar, şeýle hem öz ýalňyşlarynyň köpçülige mälim bolmagyny islemeýänler. Mysal üçin, jenaýat we korrupsiýa meselelerini Azattyk we erkin žurnalistler aýan etdi. Eger hökümet hakykatdan-da korrupsiýa garşy göreşmek isleýän bolsa, ol žurnalistler bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeli. Emma bolýan zatlar logika laýyk gelmeýär. Dünýä Gyrgyzystany söz azatlygyny söýýän ýurt hökmünde tanaýar. Dünýä jemgyýetçiligi bolýan ýagdaýy ýazgarýar" diýip, Akaýew aýdýar.


Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrliginiň kazyýete eden şikaýaty baradaky habar sosial ulgamlary ulanyjylaryň we aktiwistleriň arasynda hem reaksiýa döretdi.




 




 




 


Halkara reaksiýalary


20-nji ýanwarda ABŞ-nyň senatorlary Bob Menendes we Jim Riş Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparowa hat ýollap, ýurtda söz azatlygyna edilýän basyşlar barada alada bildirdiler. Hat ABŞ-nyň Senatynyň Daşary işler komitetiniň web-saýtynda çap edildi.


Senatorlaryň hatynda Gyrgyzystanda ýalan maglumatlardan goranmak baradaky kanuny ulanmakdan peýdalanyp, Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Gyrgyz gullugynyň web saýtlarynyň we bank hasaplarynyň ýapylmagy ýazgarylýar.


Olar hatynda gyrgyz häkimiýetleriniň bu kararynyň diňe bir söz we metbugat azatlygy babatdaky halkara kadalaryny bozmakdan daşary-da, Gyrgyzystan Respublikasynyň Konstitusiýasynda berlen kepillikleri-de bozýandygy bellenýär.


"Biz Gyrgyzystanyň hökümetini Azattyk radiosyna girizilen çäklendirmeleri dessine ýatyrmaga çagyrýarys, erkin we garaşsyz habar serişdelerine edilýän kanunsyz hüjümleri we žurnalistlere garşy ähli howply yzarlamalary togtatmaly. Siziň adam hukuklaryny goramaga ygrarlydygyňyzy hem-de kanuna hormat goýýandygyňyzy ýatlap, gyrgyz žurnalistleriniň öz işlerini ar alyş çärelerinden gorkman berjaý ederleri ýaly, biz sizi garaşsyz habar serişdeleriniň erkin işlemegi üçin, şert döretmäge çagyrýarys” diýlip, hatda aýdylýar.


Şeýle-de, senatorlar öz hatynda gyrgyz häkimiýetiň AÝ/AR-nyň Owgan gullugynyň işgärlerine we olaryň maşgalalaryna gaçybatalga berilmegini gutlaýandygyny aýdýarlar, "metbugat azatlygyny goramaga ygrarly bolmak ABŞ bilen Gyrgyzystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň zerur sütüni bolup durýandygyny we mundan beýläk-de ösmegi üçin hökmanydygyny" sözüne goşýarlar.


Gyrgyzystan Respublikasynyň prezidentiniň metbugat sekretary Erbol Soltanbaýew özüniň Facebook sahypasynda, ol ýüzlenmä şeýle düşündiriş berdi.


"Şu gün köpçülikleýin habar serişdelerinden mälim bolşuna görä, ABŞ-nyň iki senatory “Azattyk Medianyň” töweregindäki ýagdaýlar bilen bagly prezident Žaparowa ýüz tutma ýollapdyrlar, onda hamana ýurtda söz azatlygyna edilýän basyşlar barada alada bildirilýär. Onda söz we metbugat azatlygy babatda, halkara düzgünleriniň hem-de ýurduň Konstitusiýasynyň berýän kepillikleriniň bozulýandygy bellenýär. "Azattyk Media" web-saýtynyň işiniň 2 aýyň dowamynda ýatyrmak baradaky kararyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan kabul edilendigi, 2022-nji ýylyň 14-17-nji sentýabry aralygynda, Batken sebitinde bolan waka barada ygtybarsyz maglumat berlendigi bilen baglanyşykly bolandygyny ýatlatmak isleýäris.


Bu karar kabul edilmezinden öň, Ministrlik "Azattyk Media" neşiriniň redaksiýasyna birnäçe ýazmaça duýduryş ýollady. Häzirki kanunçylyga laýyklykdaky öz hukugyna esaslanyp, saýtyň işini togtadyldy. Ýagny bu bilgeşleýin edilen çäre däl, eýsem ýurduň ynamly bolmadyk maglumatlaryň ýaýradylmagyny gadagan edýän kanunçylygynyň bozulmagyna jogap bermek. Gyrgyzystan azat, demokratik ýurt bolup, garaşsyz habar serişdeleriniň doly bahasynda işlemegi üçin, ähli şertler bar. Ýene bir sapar gaýtalaýaryn, ýeke-täk talap häzirki kanunçylygy gyşarnyksyz berjaý etmekden ybarat” diýip, Soltanbaýew aýdýar.


Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty ministrligi 2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda, Azatlygyň web saýtlaryny petiklemegi karar etdi. 31-nji oktýabrda mälim etmezden we öňünden duýdurmazdan, edaranyň “Demirbankdaky” hasaplary doňduryldy. Mundan öňinçä, 23-nji oktýabrda, "Birinçi radiosy" Azatlygy alyp bermegini bes etdi, bu karary tehniki sebäplere görä diýip esaslandyrdylar. 13-nji noýabrda NTS Azatlygyň gepleşiklerini efire ýaýratmagy ýatyrdy.

26-njy dekabrda Gyrgyzystan Respublikasynyň territoriýasynda Azatlygy çäklendirmegiň yza süýşürilýändigi mälim boldy. Departament bu çäräniň şol baglanmaly diýlen material öçürilýänçä güýjünde galýandygyny, şol sebäpli-de togtatmak barada karar kabul edilendigini düşündirdi.

Azattyk gyrgyz hem rus dillerindäki iki saýtynyň hem petiklenen ilkinji gününden, kabul edilen karar bilen ylalaşmaýandygyny bildirip, munuň bikanundygyny subut etmäge çalyşýar. Ilki başda edara "kararyň bikanundygyny we Gyrgyzystanyň Konstitusiýasynyň söz azatlygy baradaky kepilliklerini bozýandygyny" aýdyp, karary ýatyrmak hakynda, ministrlige administratiw haýyş bilen hat ýollady. Ýöne ministrlik ony kanagatlandyrmakdan ýüz öwürdi.


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý Azatlygyň ygtybarly maglumat çeşmesidigini, şonuň üçin onuň bökdençsiz işlemegine şert döredilmelidigini belleýär. Ol “Azattyk Medianyň” ministrligiň kararyna garşy çykmagyny dowam etjekdigini aýdýar.


Azatlygyň aklawçylary Bişkek şäheriniň Lenin etrap kazyýetine ýüzlenip, ministrliginiň kararyna garşy çykmak üçin ýüz tutdy. Bu iş boýunça ilkinji diňlenişik 2023-nji ýylyň 26-njy ýanwaryna bellendi.


Halkara guramalaryň birnäçesi gyrgyz häkimiýetlerini Azatlygyň websaýtlarynyň we bank hasabynyň bökdençligini ýatyrmaga çagyrdylar. Human Rights Watch guramasy, Žurnalistleri goramak komiteti we Ýewropa Bileleşiginiň adam hukuklary boýunça ýörite wekili Imor Gilmor Gyrgyzystanyň häkimiýetlerini özleriniň söz azatlygyny goramak baradaky halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge çagyrdylar. Şeýle hem ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ilçihanalary tarapyndan ýüz tutuldy.


Material Azatlygyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net