Gyrgyzystan döwlet edaralarynda fonogramma ulanmagy gadagan edýär
Buýruga laýyklykda, ýerine ýetirijileriň teatrlarda, kinoteatrlarda, muzeýlerde, klublarda, kitaphanalarda we sport desgalarynda öňünden edilen ýazgy, fonogramma esasynda çykyş etmegi gadagan.
Ministrler kabinetiniň maglumatyna görä, bu düzgün bozulan ýagdaýynda geçirilýän çärä jogapkär edaranyň ýolbaşçylary jogapkärçilige çekiler.
2021-nji ýylyň fewralynda Gyrgyzystanyň Medeniýet ministrligi konsert gurnaýjylaryň bildirişlerde fonogrammanyň ulanylyp-ulanylmaýandygyny görkezmelidigini aýtdy.
Fonogramma astynda aýdym aýtmagy gadagan etmek meselesi Gyrgyzystanda birnäçe ýyl bäri ara alnyp maslahatlaşylýar.