Eýranda hökümete garşy guralan protestler dowam etdirilýär
Sosial ulgamlarda çap edilen wideolarda Eýranyň günortasyndaky Hormozgan welaýatynyň Daşti şäherinde adamlaryň 35 ýaşly protestçi Hamed Mollainiň 40-yna gabat köçelere çykandygy we hökümete garşy “Biz çaga öldürýän hökäümeti islemeýäris” diýen ýaly şygarlara gygyrandygy aýdylýar.
Iki sany ýaş gyzyň kakasy bolan Mollai 17-nji noýabrda Daşti şäheriniň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan atylyp öldürildi.
Ol Eýranyň aýal-gyzlardan talap edýän berk geýim kodeksini bozandygy sebäpli saklanan we tussagda ýogalan Aminiň ölüminden bäri tutuş ýurdy gaplap alan nägilelik ýörişlerinde Eýranyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilen 500-e golaý adamyň, azyndan 62 çaganyň biri bolup durýar.