Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Türkmenistan polisiýa gözegçiligini güýçlendirip, Täze ýyla taýýarlanýar

Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde, şol sanda Mary we Balkan welaýatlarynda polisiýa edaralary gözegçiligi güýçlendirýär. Bu aralykda, metjitleriň ymamlary Täze ýyl arçalaryna dürli görnüşli bezeg oýunjaklaryny asmagyň, şeýle-de baýramçylyk günlerinde bezelen arça agaçlarynyň daşyndan aýlanmagyň “dine gabat gelmeýändigi” barada wagyz-nesihat işlerine bat berýär.


Mary şäherinde polisiýa işgärleri gije sagat 10-dan soň köçä çykýan adamlary barlaýar, mugallymlar polisiýa işgärleriniň köçe gözegçiligine çekilýär. Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde polisiýanyň ýangyna garşy edaralary hojalyklara aýlanyp, ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada düşündiriş işlerini ýygjamlaşdyrýar. Ýol polisiýasy köçelerde awtoulag hereketiniň gözegçiligini batlandyrýar. Bu çäreleriň ählisi häkimiýetleriň baýramçylyk günlerinde jemgyýetde asudalygy we düzgün-tertibi saklamak hem-de howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanmak tagallalary bilen düşündirilýär.




“Şu günler Mary welaýatynda güýçlendirme batlandy. Polisiýa işgärleri bilen bir hatarda orta mekdepleriň mugallymlary hem gözegçilik işlerine çekilýär. Adamlaryň arasynda Täze ýyl baýramçylygynda petard ýarmazlyk, gije sagat 10-dan soň öýden çykmazlyk ýaly düzgünler barada düşündiriş geçirýärler” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýarlar.


Şol bir wagtda, sebitiň umumybilim berýän orta mekdeplerinde ýokary synp okuwçy ýaşlaryň arasynda polisiýa işgärleri we mugallymlar tarapyndan Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli wagyz-nesihat işleri ýaýbaňlandyrylýar.


Okuwçy ýaşlara Täze ýyl baýramynda özbaşdak oturylyşyk geçirmek, ýa-da partlaýjy petarda atmak gadagan edilýär.


Güýçlendirilen gözegçiligiň fonunda, döwletiň kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri Marynyň köçelerinde ýaş oglanlaryň jübülerini barlap, olarda partlaýjy petardlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklaýar.


Ýatlasak, geçen ýyl Täze ýyl baýramçylygynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda öý şertlerinde ýasalan pirotehnikalar heläkçilige, adam ýitgilerine getirdi.


Polisiýa işgärleri baýramçylykda parlaýjy petardalar bilen ele salnan okuwçy ýaşlaryň ene-atalaryna uly möçberde jerime salynjakdygyny aýdýarlar.


Şuňa meňzeş güýçlendirme çäreleri Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde hem ýaýbaňlandyrylýar.


Ýol gözegçiligi polisiýasy alkogol testinden geçip bilmedik ulag sürüjileriniň, şeýle-de howpsuzlyk kemerini dakman ele salnan sürüjileriň transport serişdelerini uçdantutma jerime duralgalaryna alyp gidýär.


Şeýle-de, köçelerde radarlaryň sany artdyryldy, ýol polisiýasy güreldi.


“Bulardan başga-da, polisiýanyň ýangyna garşy gullugy hojalyklara aýlanyp, Täze ýyl gijesinde öýlerdäki arçalarda elektrik çyralaryny ulanmazlyk, kalýan ýa-da çilim çekmekden, şeýle-de alkogol içmekden saklanmaklyk barada düşündiriş işlerini geçýärler. Gol çekdirýärler. Gaz we elektrik enjamlary talabalaýyk bolmadyk hojalyklara jerime töletdirýärler” diýip, bir balkanly ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.




Şol bir wagtda, habarçylarymyz baýramçylyk günlerinde dükanlarda alkogol söwdasynyň çäklendirilmegine, gadagan edilmegine garaşylýandygyny, býujet işgärlerine kafelerde we restoranlarda oturylyşyk geçirip, baýramçylyk bellemeginiň hem gadagan edilýändigini habar berýärler.


Baýramçylyk günlerinde býujet işgärleri serhoş tapylsa, işlerini ýitirmek howpy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.


Bulardan başga-da, Täze ýyl güýçlendirmeleriniň çäginde, ozal azatlykdan mahrum edilip, soň azatlyga çykan raýatlaryň ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde polisiýa patrullyk edýär.


“Ýa-da olar galp aýyplama bilen 15 gün möhlete wagtlaýyn tussag edilýär. Ýöne diňe bir ‘garadonly’ adamlar däl, ähli raýatlar berk gözegçilik sebäpli, baýramçylygy duýman geçirýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň çeşmesi aýdýar.


Şeýle-de, alkogola garaşly adamlar hökmünde hasaba alnan adamlara gözegçilik güýçlendirilýär.


Bu aralykda, günbatar sebitde metjitleriň ymamlary jemagatyň arasynda Täze ýyl baýramçylygynyň yslam dinindäki orny barada wagyz-nesihat işlerini ýaýbaňlandyrýar.


Din işgärleri Täze ýyl däpleriniň ýerli ynançlaryň kadalaryna gabat gelmeýändigini aýdýarlar. Baýramçylyk dessurlarynyň hatarynda “Täze ýyl arçalarynyň daşyndan aýlanmaklyk, mekdepleriň, kärhanalaryň golaýyndaky arça agaçlaryna dürli görnüşli “jäjekleri” we bezeg çyralaryny asmaklyk” türkmen din işgärleri tarapyndan “günä” hökmünde düşündirilýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net