ABŞ Türkmenistanyň hususy pudagyna goldaw üçin ýylda $7 million berýär
Neşir bu maksatnamanyň maksadynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynda ýokary zähmet hakly iş orunlaryny döretmek we ýerli harytlaryň halkara bazarlaryna eksport edilmegine ýardam bermekden ybaratdygyny belleýär.
Donald Lu 16,5 million dollarlyk ikinji maksatnamanyň sebitde azyk howpsuzlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýdypdyr.
Şeýle-de, amerikan diplomaty kiçi we orta kärhanalaryň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň özeni bolup durýandygyny belläp, USAID-yň üsti bilen durmuşa geçirilýän netijeli işleriň biriniň ýurduň hususy pudagyna goýulýan maýa goýumlaryny ýokarlandyrmak bolandygyny aýtdy.
Donald Lunyň aýtmagyna görä, ABŞ USAID-iň we beýleki hyzmatdaşlarynyň üsti bilen Türkmenistanyň hususy pudagyna goldaw üçin ýylda 7 million ABŞ dollaryny bölüp berýär.