Göwreli žurnalist özüni garalajak bolandyklaryny aýdýar
Ikinji çagasyna garaşýan žurnalist häkimiýetleriň özüne töhmet atjak bolandyklaryny aýtdy.
Içeri işler ministrliginiň 4-nji noýabrda eden beýanatynda MIR24.kg habarlar web sahypasynda işleýän Satybaldiýewanyň we kameraçy Kalys Aşirbaýewiň 2016-2017-nji ýyllarda ýazgy edilen ses bilen gorkuzyp, hamala, kanun kanun çykaryjylardan 2000 dollar talap etmekde güman edilendigi aýdylýar.
Emma beýanatda gorkuzmak üçin ulanylandygy öňe sürülýän ses ýazgysynyň mazmuny anyklaşdyrylmaýar.