Hökümetçi neşirler Türkiýede iş rugsadyny almak üçin soralýan resminamalaryň sanawyny çap etdi
Neşiriň maglumatyna görä, iş wizasyny almak üçin azyndan 11 sany resminama talap edilýär.
“Goýberilen resminamalaryň hemmesi täze alnan we doly bolmaly... Türkiýäniň Aşgabatdaky wekiliýeti zerur bolanda goşmaça resminamalary hem talap etmäge hakly” diýip, habarda bellenýär.
Şeýle-de neşir talap edilen resminamalaryň tabşyrylmagynyň wiza beriljekdigini kepillendirmeýändigini, “Ýüzlenme wagtynda gijikdirilen ýa-da ret edilen halatynda” wiza ýa-da hyzmat tölegleriniň yzyna gaýtarylmaýandygyny duýdurýar.
Türkmenistan golaýda türkmen raýatlarynyň wizasyz gidip bilýän ýeke-täk ýurdy bilen arada saklanýan wizasyz gatnaşygyň ýatyrylmagyny gazandy we, synçylaryň köpüsiniň aýtmaklaryna görä, bu ýagdaý ýüz müňlerçe türkmenistanlynyň iş, durmuş şertlerine eýýäm ýaramaz täsir ýetirdi.
Şu aralykda Türkmenistan Türkiýeden ýüzlerçe raýatyny yzyna getirdi we olaryň köpüsiniň gaýtadan yzyna, zähmet migrasiýasyna gidip, maşgalasyny eklemeginiň kyn boljakdygy we ýurtdaky işsizleriň sanynyň has köpeljekdigi aýdylýar.
Bu ýagdaý Türkiýede bikanun ýagdaýda galan türkmen migrantlarynyň çykalga gözläp, başga ýurtlara gitmek üçin gyssagly tagalla edip başlamagyna sebäp boldy.
Türkiýe Türkmenistan üçin wiza düzgünini 13-nji sentýabrda, Türkmenistanyň talaby esasynda girizdi.
Türkmenistanyň raýatlary 2007-nji ýyldan bäri Türkiýede syýahatçylyk üçin, 30 güne çenli wizasyz bolup bilýärdiler.
Türkmenistan ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünligi we azyk gytçylygyny boýun almaýar, işsizleriň sanyny aýtmaýar we türkmenistanlylaryň döredijilikli zähmet çekmegi, önüm öndürmegi we öz durmuşyny gowulandyrmagy üçin ähli mümkinçiligiň döredilendigini öňe sürýär.