Pakistan polisiýasy öňki premýer Hana garşy terrorçylyk aýyplamalaryny bildirdi
Terrorçylyk aýyplamalary Hanyň Yslamabatda eden çykyşynyň yz ýanyna gabat geldi. Ol bu çykyşynda öz ýakyn kömekçisiniň tussag wagtynda gynalandygyny aýdyp, polisiýa işgärlerini we kazylary suda bermek haýbatyny atdy.
Hanyň oppozisiýadaky “Tehrik-e-Ynsap” partiýasy öňki premýer-ministriň öýüniň daşyny gurşap, polisiýanyň ony tussag etmeginiň öňüni almakçy bolýan goldawçylaryny görkezýän wideony sosial mediada çap etdi. 22-nji awgust güni irden hem ol ýerde ýüzlerçe adam saklanyp galdy.
Hanyň syýasy kömekçisi Şahbaz Gill şu aýyň başynda esgerleri we ofiserleri harby ýolbaşçylaryň "bikanun buýruklaryna" boýun egmezlige çagyrandan soň tussag edildi we dönüklikde aýyplandy. Pakistanyň kanunlarynda dönüklik üçin ölüm jezasy berilýär.
2018-nji ýylda häkimiýete gelen Han aprel aýynda ynamsyzlyk ses berişliginde wezipesinden aýryldy. Oppozisiýa ony ýokary galan inflýasiýa we ykdysady kynçylyklar arasynda nädogry ykdysady dolandyryşda aýyplady.
Han 21-nji awgustda hökümeti syýasy ýygnanyşykda eden çykyşynyň halka göni baryp ýetmezligi üçin YouTube elýeterliligini wagtlaýyn petiklemekde aýyplady.