Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti baryp görmek üçin "göreldeli" penahana saýlady

Haýwanlara hoşniýetliligi wagyz etmek Türkmenistanda soňky hepdelerde bir waka öwrüldi. Ýurtda itlere bolan garaýşy kadalaşdyrýan kanun kabul edildi, daşary ýurt wekilhanalarynyň işgärleri we türkmen jemgyýetçilik wekilleri idegsiz haýwanlaryň saklanýan göreldeli penahanalaryna baryp gördi. Şol bir wagtyň özünde itler we pişikler şäherleriň köçelerinde rehimsizlik bilen tutulýar hem-de öldürilýär.


17-nji awgustda Änewde ýerleşýän "Arassa penje" we "Ömür ber" atly iki sany hususy penahana ÝB-niň wekiliýetiniň işgärleri we meýletinçiler tarapyndan sapar edildi. Ýerli media serişdeleriniň habar berişi ýaly ÝB-niň wekilleri Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýeti we meýletinçiler topary bilen bilelikde bu penahanalarda saklanýan haýwanlar üçin azyk we derman sowgat beripdir.


ÝB-niň Aşgabatdaky wekiliýetiniň Azatlyk Radiosyna habar bermegine görä, olar baryp görmek üçin haýwanlara gowy garaşyk etmekde ýokary baha berlen penahanalary saýlapdyr.




"Aşakda belläp geçişimiz ýaly, ÝB delegasiýasy haýwan hukuklary aktiwistleri bilen maslahatlaşdy we haýwanlara bolan gatnaşygy üçin ýokary baha berlen "Arassa penje" we "Podari mne žizn" atly penahanalary saýlandy" - diýlip, ÝB-niň Türkmenistandaky wekiliýeti Azatlyk radiosynyň soraglaryna hat üsti beren jogabynda aýtdy.


Saparyň öňüsyrasynda Aşgabatda we Türkmenabatda haýwanlary goramak boýunça aktiwistler itleriň tutulmagy we öldürilmegi bilen baglanyşykly köp sanly wakany habar berdiler. Aktiwistler paýtagtyň itler üçin iki penahana ýakyn wagtda daşary ýurt wekilleriniň boljak sapary barada habar berdiler.


"Meýletinçiler we ÝB-niň işgärleriniň Änewdäki iki hususy penahana baryp görer. Ynsanperwerlik missiýasynyň "Arassa penje" we "Ömür ber ("Podari mne žizn") atly penahanalara baryp görmegine garaşylýar, emma "Umyt adasy" atly agyr şertli üçünji penahana barmajagy çak edilýär" -diýip, haýwan goraýjy 14-nji awgustda Aşgabatdan habar berdi we soňky agzalan penahanada şertleriň "elhençdigini" belläp geçdi.


Azatlyk Radiosyna ugradylan wideoda hem türkmenabadyň ýaşaýjysy ýakyn wagtda boljak sapar barada aýdýar we ol itlere we pişiklere rehimsizlik meselesine jemgyýetçiligiň ünsüni çekmäge synanyşýar. Türkmenabatda surata düşürlen wideoda tutulan haýwanlaryň jesetlerini kapasalarda görüp bolýar.




Aktiwistler daşary ýurt wekilleriniň haýwanlara hoşniýetlilik temasyna üns bermeginiň Türkmenistanda haýwanlara rehimsizligiň öňüni alyp biljekdigine umyt baglapdylar.


Haýwanlary goraýan aktiwistler problemaly ýerlere baryp görmegiň hakyky meseleleri ýüze çykaryp, rehimsizligiň soňuna çakmak üçin goşant goşup biljekdigine ynanýarlar.


Aşgabatda tutulan haýwanlary kabul edýän esasy ýer Çoganlyda galyndylary gaýtadan işleýän zawodyň çägindäki angarda ýerleşýär. Haýwan goraýjylar bu ýeri itler üçin konslager diýip atlandyrýarlar. Aktiwistler hut şu ýere baryp görmelidigine ynanýarlar.


"Angara baryp görseler gowy bolardy, ýöne hiç kimi salmaýarlar ol dowzaha. Ol ýerde kapasalar ýok, olar umumy bir ýerde köpçülikleýin heläk bolýarlar" - diýip, 14-nji awgustda Azatlyk bilen anonim gürleşen aşgabatly aktiwist ÝB-niň wekilleriniň itler üçin penahanalara saparynyň öňüsyrasynda aýtdy.




Azatlyk radiosy, çeşmeleriniň we haýwanlary goraýjylaryň atlaryny olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen çap etmekden saklanýar. Geçmişde aktiwistler, şol sanda haýwanlary goraýjylar we raýatlar türkmen häkimiýetleri tarapyndan ençeme gezek yzarlandy, gorkuzyldy, ýenjildi we tussag edildi.


Bu aralykda, ÝB-niň wekilýeti penahanalara planlaşdyrylýan sapar barada özleriniň öňünden maglumat çap etmändiklerini aýtdy. Azatlygyň soraglaryna beren jogabynda wekiliýet ilaty öýde saklanýan we idegsiz bolan itlere söýgüsini we aladasyny görkezýän sürýän suratlary we wideolary çap etmek mahabatyny geçirendigini bellenýär we "Bu, sosial media hasaplarymyzyň üsti bilen amala aşyryldy. ÝB-niň wekiliýeti tarapyndan ýüz tutulan aktiwistleriň we garaşsyz metbugatyň belli bir reaksiýasy boldy" diýilýär.


Ozal habar berlişi ýaly, 1-10-njy awgust aralygynda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti ýerli ilata öý haýwanlaryna idegi wagyz edýän "10 günlük söýgi we hoşniýetlilik" çäresini yglan etdi. Kampaniýanyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň raýatlaryny öz öý haýwanlaryna ýa-da eýesiz galan haýwanlara ideg edýän hekaýalarynda ýa-da Instagram ýazgylarynda suratlary we wideolary goýmaga çagyrdy. Habarda "Türkmenistanda ýaňy-ýakynda tassyklanan" Itleri köpeltmek we kinologiki işler "baradaky kanuny goldaýarys we her kime öý haýwanlaryna mylaýym bolmaga çagyrýarys" diýildi.


Şeýle-de bolsa, Azatlyk Radiosy ÝB-niň wekiliýetinden olaryň Çoganlyda itleriň we pişikleriň köp mukdarda getirilip, iýmitsiz we suwsyz ölýän ýeri bolan "Angar" diýilýän ýer barada habarly bolup-bolmazlygyny; näme üçin sapar etmäge diňe amatly şertli penahanalary saýlandygyny we näme üçin diňe türkmen hökümeti bu kanuny kabul edeninden soň haýwanlara rehimli gatnaşygy mahabat edip başlandygyny bilmek isledi. Bu sowallara entek jogap bolmady.


Türkmenistanyň häkimiýetleri haýwanlara rehimsizlik baradaky habarlara resmi taýdan düşündiriş bermeýärler. Şol bir wagtyň özünde, 26-njy iýulda ýurduň döwlet habar beriş serişdeleri itlere rehimsizligi gadagan edýän "Itleri köpeltmek we kinologiki işler barada" kanunyň tekstini çap etdi.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net