Russiýa ýüzärlik iberen özbegistanla ömürlik türme tussaglygy howpy abanýar
Konteýnerde ýüzärlikden başga kakadylan miwe önümleri, şipownik (gül bagry), gap-gaçlar we zygyr ýagy hem bar.
Noworossiýsk gümrük gullugynyň başlygy Wadim Proniniň sözlerine görä, geçirilen barlaglar köp ýyllyk ösümlik bolan “ýüzärligiň” düzüminde Russiýa Federasiýasynda gözegçilik sanawyna girizilen neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň bardygyny görkezdi.
Gaçakçylyk fakty esasynda jenaýat işi açyldy. Ýüzärlik ýüküni iberen adama ömürlik türme tussaglygy we bir million rubla çenli jerime töledilmek howpy abanýar.