Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Marynyň häkimiýetleri hojalyklara çekilen goşmaça suw turbalary üçin jerime ýazýar

Türkmenistanyň dürli sebitlerinde içimlik agyz suwunyň we ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiligindäki bökdençlikler dowam edýän mahaly, Mary welaýatynyň agyz suw edarasynyň işgärleri hojalyklara çekilen goşmaça suw turbalary üçin jerime ýazýarlar. Raýatlaryň aglabasy suwuň ýylyň diňe bir paslynda berilýändigini belläp, özlerine akmaýan suw we ulanylmaýan turba üçin jerime salynýandygyny aýdýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden maglumat berdi.


"Baýramaly etrabynyň Mekan geňeşliginde 'Maryagyzsuw' edarasynyň işgärleri öýlere aýlanyp, iki sany agyz suw turbasy çekilen hojalyklara 1500-2000 manat aralygynda jerime salýarlar. Olar jerimäniň sebäbini 'turbanyň ikinjisini gizlin we bikanun ulanypsyň' diýip düşündirýärler" diýip, geňeşligiň bir ýaşaýjysy anonimlik şertinde 25-nji iýulda gürrüň berdi.


Habarçymyz bilen söhbetdeş bolan oba ýaşaýjylarynyň ençemesi bolsa, öz hojalyklaryna diňe gyş paslynda suw berilýändigini, galan ýaz, tomus we güýz aýlarynda suwuň asla akmaýandygyny aýdyp, özlerine salynýan jerimä nägilelik bildirýär.




"Biz olara suwuň diňe gyşda berilýändigini, onda hem suwy hojalykdan başga hiç zada ulanyp bolmaýandygyny, ekine suw tutup girdeji hem alyp bolmaýandygyny düşündirmäge synanyşdyk. Ýaz, tomus we güýz pasyllarynda suw maşynlaryna pul berip, suwy getirýändigimizi we ony howuzymyza guýup içýändigimizi hem görkezdik. Ýöne suw edarasynyň işgärleri hiç kimi diňlemedi" diýip, ýaşaýjy aýtdy.


Şol bir wagtda, oba ýaşaýjylary suw edarasynyň käbir işgäriniň para almak şerti bilen, hojalyklaryň käbirine jerime ýazmandygyny hem gürrüň berdiler.


"Olar bize '200 manat berseň, biz ikinji turbaňyzy görmedik bolaly, ýöne bir-iki günden gijä galman aýryň. Diňe bir liniýa bolmaly' diýdiler. Biz 200 manat berip, 2000 manat jerime bermekden sypdyk" diýip, başga bir oba ýaşaýjysy anonimlik şertinde belledi.


Habarçymyz welaýatyň suw edarasynyň işgärleriniň hojalyklara çekilen ikinji suw turbalary üçin jerime ýazmak çäresiniň etraplaryň aglabasynda, şeýle-de Mary we Baýramaly şäherlerinde hem dowam edýändigini aýtdy.


"Mary we Baýramaly şäherlerinde köp gatly jaýlaryň ýer zeminlerinden çekilen suw turbalary ulanýan hojalyklar bar bolsa, olara hem jerime salynýar" diýip, habarçy belledi.


Azatlyk bu aýdylanlar barada "Maryagyzsuw" edarasyndan kommentariýa almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzyň 25-nji iýulda eden telefon jaňlaryna hiç kim jogap bermedi.


Türkmenistanyň dürli sebitlerinde içimlik agyz suwunyň we ekerançylyk suwlarynyň üpjünçiligindäki bökdençlikler ýyllarboýy dowam edip gelýär. Türkmen hökümeti ýurtda suw üpjünçiligi bilen bagly bar bolan problemalary aç-açan boýun almaýar, ýöne inkär hem etmeýär.




"Marynyň häkimiýetleriniň häzirki çäreleri sebitiň suw üpjünçiligindäki problemalary, şol sanda suwuň bikanun we bisarpa ulanylmagynyň öňüni almak tagallalary ýaly bolup görünýär" diýip, maryly ýaşaýjy aýtdy.


Bu maglumatlar, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçylarynyň ýurduň dürli sebitlerinde arassa agyz suwlarynyň tygşytsyz ulanylýandygyny, edara-kärhanalara berkidilen agaç-nahallarynyň agyz suwy bilen suwarylýandygyny habar bermeginiň yz ýanyna gabat geldi.


Soňky aýlarda ýurtda suw üpjünçiligi bilen bagly mesele hökümet derejesinde ençeme gezek gozgaldy we munuň bilen bagly goňşy ýurtlaryň häkimiýetleri bilen birnäçe ylalaşyga hem gelindi.


Türkmenistanyň suw üpjünçiligi bilen bagly problemalaryna halkara guramalarynyň hasabatlarynda hem üns çekildi. BMG-niň Azyk we oba hojalyk boýunça edarasynyň soňky hasabatynda Türkmenistanda suwdan peýdalanmagyň geriminiň “aýgytly” derejä ýetendigi duýduryldy. Guramanyň geçen ýylyň awgustynda ýaýradan hasabatyna görä, ýurtda suw resurslaryna çenden aşa agram düşýär.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.




Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net