Gazagystan okuw hepdelerini köpeldip, dynç alyşlary azaldar
Resminama laýyklykda, 1-nji synplardaky okuw ýylynyň dowamlylygy indi 35 okuw hepdesi bolar. Häzirki düzgünlere görä, olar ýylyň dowamynda 33 hepde okaýarlar.
1-nji synpdan 11-nji synpa çenli bolan okuwçylar üçin, 12 ýyllyk mekdepleri hem goşmak bilen, häzirki 34 okuw hepdesini 36 okuw hepdesine ýetirmek teklip edilýär.
Tomusdaky dynç alyş günleriniň sanyny azaltmak, Bilim ministrliginiň pikirine görä, geçen okuw ýylynda berlen bilimleriň bir böleginiň ýitirilmek howpuny hem azaldar.
Iýun aýynda Bilim ministrliginiň häzirki okuw meýilnamasyny üýtgetmegi meýilleşdirýändigi mälim boldy. Täze düzgüne laýyklykda, gazak we rus dillerinde okadylýan mekdepleriň 1-nji synpynda bir wagtyň özünde üç dil - gazak, rus we iňlis dilleri öwrediler.