Türkmen prezidenti Özbegistana sapar eder
Habarda saparyň Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy esasynda guralýandygy aýdylýar.
Ýokary derejeli gepleşikleriň gün tertibinde özbek-türkmen dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek we berkitmek, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlygy, iki ýurduň arasyndaky köp ugurly hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly meseleler bar.
Gepleşikler netijesinde bilelikdäki beýannama kabul etmek we ikitaraplaýyn resminamalar bukjasyna gol çekmek meýilleşdirilýär.