Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Aýgözel: Bu zenanlara garşy aç-açan diskriminasiýadan we zulumdan başga zat däl

"Türkmenistanda zenan hökmünde ýaşamak, häzirkizamanyň hödürleýän mümkinçiliklerinden peýdalanmak, şol sanda ulag sürmek gün-günden kynlaşýar. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkimiýetleri aýal-gyzlaryň ulag sürmeginiň öňüni almak üçin elinden gelenini edýärler. Bizde gender deňligi düýbünden ýok" diýip, türkmenbaşyly zenan sürüjileriň biri Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi.


Soňky bir hepdä golaý wagt bäri Türkmenbaşynyň häkimiýetleri ulag sürýän aýal-gyzlara gözegçiligi güýçlendirdiler. Habarçylarymyzyň 21-nji iýunda beren maglumatyna görä, Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri (PÝGG) ulag sürüp barýan zenanlary saklap, dürli bahalar esasynda, olara jerime ýazýarlar. Olaryň sürüjilik şahadatnamalary elinden alynýar we ulaglary polisiýanyň duralgasyna alnyp gidilýär.


Azatlygyň Balkandaky habarçysy sürüjilik şahadatnamalary alnan zenan sürüjileriň birnäçesi bilen söhbetdeş boldy. Olar zenan sürüjileriň jerimäni tölemek we resminamalaryny yzyna almak düzgüniniň ozal görlüp-eşidilmedik derejede kynlaşdyrylandygyny aýdyp, munuň üçin kazyýet kararyny çykartmalydygyny bellediler.




Efirde adynyň Aýgözel diýip tutulmagyny soran türkmenbaşyly zenan sürüjileriň biri bu prosesiň tutuşlygyna görgüdigini aýdyp, öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi.


"Indi zenan sürüjilere jerime salnan bolsa, onda olar bu jerimäni tölemek we resminamalaryny yzyna almak üçin ençeme edaradan kepilnama almaly bolýarlar. Soňra şol kepilnamalary kazyýete tabşyrmaly. Kazyýet resminamalary öwrenip, sürüjilik şahadatnamany yzyna alyp bolýandygy barada jerime töleg hatyny berýär. Zenan sürüji suduň karary boýunça çykarylan bu hat bilen bankyň ýygym kassasyna jerimäni töländen soň, polisiýadan sürüjilik şahadatnamasyny alyp berýär" diýip, Aýgözel aýtdy.


Onuň sözlerine görä, kepilnamalary almak işi ençeme gün dowam edýär we zenan sürüjiler olary amak üçin, jerime töleginden daşgary, 300 manatdan gowrak çykdajy etmeli bolýarlar.


"Ilki bilen şäheriň sanitariýa-epidemiologýa gullugyndan COVID kepilnamasyny aldym. Onuň üçin 150 manat töledim. Soňra ruhy taýdan sagdyndygyň hakynda psihiatordan kepilnama almaly. Onuň üçin 55 manat töledim. Üçünjiden, WIÇ/SPID-iň ýoklugy barada kepilnama aldym. Munuň üçin hem 21 manat tölemeli boldum. Dördünjiden, alkogol barlagyndan geçmeli. Bu ýerde ganyňy barlaýarlar. Onuň üçin hem 55 manat töledim. Bäşinjiden, şäheriň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça gullugyndan kepilnama almaly. Munuň üçin 35 manat tölemeli boldum. Bular resmi tölegler bolup, olardan başga-da bir topar para hem bermeli boldum" diýip, Aýgözel gürrüň berdi.


Onuň sözlerine görä, kazyýet karary bilen jerimäni töläp, sürüjilik şahadatnamasyny we ulagyny yzyna alan zenan sürüjiler, aradan birnäçe gün geçensoň, gaýtadan polisiýa tarapyndan saklanyp, dürli bahanalar esasynda, ýene jerimä sezewar edilse, onda olar şu kepilnamalary täzeden ýygnamaly bolýarlar.




"Köp aýal-gyzlar bu görgüli prosesden ýene geçmejek bolup, alajy bolsa jerime ýazdyrmajak bolup tanyş tapmagyň, para bermegiň ýoluny gözleýärler" diýip, Aýgözel aýtdy.


Ol erkek sürüjiler babatynda şeýle talabyň ýokdugyny aýdyp, munuň aýal-gyzlara garşy alyp barylýan aç-açan diskriminasiýadan we zulumdan başga zat däldigini belledi.


"Erkek raýatlar ýol polisiýasynyň administratiw temmi müdirligine töleg edip, sürüjilik şahadatnamalaryny alyp bilýärler. Olara kepilnamalary ýygnamak we kazyýetiň karary gerek däl. Bu aýal-gyzlara garşy amal edilýän bir sütem. Aýal-gyzlaryň özleri "ulag sürmesem kaýyl" diýer ýaly etjek bolýarlar. Zenan sürüjilere garşy görülýän bu çäreler, olary býurokratik ýol bilen ulag dolandyrmaz ýaly etmek çäresine meňzeýär" diýip, Aýgözel sözüni jemledi.


Azatlyk bu aýdylanlar barada Türkmenbaşynyň polisiýa müdirliginden we kazyýetinden goşmaça maglumat ýa kommentariý almaga synanyşdy. Ýöne redaksiýamyzy 22-23-nji iýunda telefon arkaly eden synanyşyklary netije bermedi.


Türkmen häkimiýetleri ýurtda näçe zenanyň sürüjilik şahadatnamasyny alandygy baradaky statistiki maglumatlary aýan etmeýärler. Ýöne habarçylarymyz soňky 10 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ulag sürýän aýal-gyzlaryň sanynyň göz-görtele köpelendigini aýdýarlar.


Türkmenistanyň kanunlarynda ýurtda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, şeýle hem olary durmuşa geçirmek üçin deň mümkinçilikleriniň bardygyna kepil geçilýär.




Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri zenan sürüjileriň ulag dolandyrmagyny çäklendirmek çärelerini indi bäş ýyla golaý wagt bäri dowam etdirýärler. Häkimiýetler zenan sürüjilere gözegçiligi käte gowşatsalar, soňra ýene güýçlendirýärler. Olar bu çäreleri resmi derejede ne boýun alýarlar, ne-de düşündirýärler.


Balkanda zenan sürüjilere garşy görülýän soňky çäreler, ýurtda aýal-gyzlara garşy gözegçilikleriň güýçlendirilen, olaryň daşky keşpleri, şol sanda egin-eşikleri we kosmetiki hyzmatlardan peýdalanmak mümkinçilikleri bilen bagly gadagançylyklaryň ençemesiniň girizilen mahalyna gabat geldi.


Ýurtda aýal-gyzlara girizilen bu çäklendirmeler we gadaganlyklar Türkmenistanyň BMG-Zenanlar edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine üç ýyl möhlet bilen agza bolmagynyň birinji ýylynda amal edilýär.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net