ABŞ Türkmenistanda giň ýaýran hukuk bozulmalarynyň saklanyp galýandygyny aýdýar
Hökümet kitaplaryň, beýleki köpçülikleýin habar serişdeleriniň, onlaýn gazetleriň we žurnallaryň neşir edilmegine gözegçilik edýär, YouTube we Google ýaly meşhur sosial media saýtlaryny käte petikleýär diýip, hasabatda ýurtda söz aýtmak, pikir beýan etmek mümkinçilikleriniň çäklendirilýändigi bellenilýär.
Şol bir wagtda, garaşsyz diýilýän “Rysgal” gazetiniň çykarylmagy dowam etdi, ýöne onda esasan döwlet habar beriş serişdelerinde çap edilýän habarlar ýa-da döwlet habar gullugynyň pozisiýasy orun tapdy; hökümet daşary ýurt neşirleriniň ýurda getirilmegine ýol bermezlik çärelerini görýär diýip, hasabatda hökümetiň ýerli tele-radio gepleşiklerini hem doly gözegçilikde saklaýandygy, emma ilatyň hemra çanaklaryny ulanyp, daşary ýurtlaryň habar serişdelerinden maglumat almaga çalyşýandygy aýdylýar.
Hasabatda hökümetiň resmi syýasata tankydy gözde garaýan žurnalistleri ýanaýandygy, häkimiýetleriň raýat žurnalistlerini, gözegçilikde saklap, telefonlaryny barlap, syýahatlaryny çäklendirip, olara azar berýändigi hem bellenip geçilýär.
Mundan başga, häkimiýetleriň senzurany gadagan etmek, maglumat toplamak we ýaýratmak azatlygyny üpjün etmek baradaky kanunlary durmuşa geçirmeýändigi, ýerli metbugatyň we daşary ýurt habar serişdeleriniň žurnalistleriniň, hökümetiň öç almagyndan gorkup, özlerini senzura etmäge mejbur bolýandygy aýdylýar.
Hasabat bilen dolulygyna şu ýerde tanşyp bilersiňiz.