Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Iki gyrgyzystanlynyň şweýsar bankyndaky millionlary

Şweýsariýanyň banklarynyň birinden, iki gyrgyzystanlynyň uly möçberdäki bank hasaplary tapyldy.


Gyrgyzystanly Orozahun Saýdazimow, ol häzir Roý Azim ady bilen tanalýan hem-de öňki ministr Kapar Kurmanaliýewiň aýalynyň “Credit Suisse” bankynda hasaplarynyň bardygy žurnalistik derňewleri wagtynda belli boldy.


Iki sany gyrgyzystanlynyň gizlin bank hasaplary “Credit Suisse syrlary” atly serhetara žurnalistler derňew proýektiniň geçiren barlaglary wagtynda aýan edildi.




Kapar Kurmanaliýew 2008-2010-njy ýyllar aralygynda Döwlet Geologiýa gullugyna ýolbaşçy boldy we Gyrgyzystanyň ýer asty baýlyklaryna gözegçilik etdi. Kurmanbek Bakiýewiň hökümeti agdarylandan soň, ol ýurtdan çykdy. Kurmanaliýewiň garşysyna gaýybana ýagdaýda "ygtyýarlykdan hyýanatçylykly peýdalanmakda" aýyplanma bildirildi we oňa garşy gözleg yglan edildi. Aradan 12 ýyl geçse-de, ol henizem kazyýet diňlenişigine gelmedi.


Şweýsariýanyň “Credit Suisse” bankyndaky hasap onuň aýaly Nataliýa Kurmanaliýewanyň adyna 2008-nji ýylda açyldy we 1,3 million dollar goýlupdyr. 2010-njy ýyldan soň Gyrgyzystanyň kanun goraýjy edaralary Kapar Kurmanalýewe garşy jenaýat işini açdylar. Ol ýer asty baýlyk baradaky depozitlere ygtyýarnama satmakda aýyplady we bu işiň döwlete ep-esli zyýan ýetirendigi öňe sürüldi.


Gyrgyz parlamentiniň öňki başlygynyň orunbasary Kubanyçbek Isabekowyň pikirine görä, derňew guramalary Kurmanaliýewiň şübheli işleri bilen düýpli gyzyklanmandyr hem ony gözlejek bolmandyr:




– Kapar Kurmanaliýewiň baran ýerinde dawa-jenjel bardy. [Askar] Akaýew ony ministrlik wezipesine bellemezinden ozal, Geologiýa gullugynyň başlygy [Wladimir] Zubkow bilen gatnaşyklydy. Bir hususy kompaniýanyň üstünden, agentlik bilen şertnama baglaşdy, bu bolsa döwlete zyýan ýetirdi. Onuň [Kurmanaliýewiň] garşysyna jenaýat işi gozgalanda, Gazagystanda gizlenmek bilen başyny gutardy. Ýene 2008-nji ýylda ony Tebigy baýlyklar ministrligine öwrülen Döwlet geologiýa gullugynyň başlygy wezipesine bellediler. Men onuň işi hakda Baş prokuratura ýüz tutdum, ýöne bu netije bermedi, soňra men şonuň bilen baglanyşykly şol wagtky prezident Kurmanbek Bakiýewe arz etdim. Ýöne ol hem netije bermedi. Soňra Londondaky we Hongkongdaky bir biržalara ýer asty çeşmelerine goýumlar üçin, ygtyýarnamalary gizlin satandygy barada maglumat geldi. Ol 2010-njy ýylda ýurtdan gaçdy. Gözlenýän sanawda goýulsa-da, hiç kim [Kurmanaliýewi] gözlejek bolmady. Eger ol Interpolyň üsti bilen tapylsa we jogapkärçilige çekilse, millionlarça dollary yzyna gaýtaryp bolardy – diýip, Kubanyçbek Isabekow aýdýar.


Roý Azimiň millionlary


Roý Azimiň bank hasabynda 11,6 million dollar saklanýar. Ol kim bolupdy?


Derňewde aýdylyşyna görä,  Roý Azim “Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň jenaýat dünýäsi bilen arabaglanyşygy bolan telekeçi”. Şeýle hem ol jenaýat dünýäsinde iň meşhur tanalýanlardan biri Kamçi Kolbaýewiň tanşy bolandygy aýdylýar.


Şeýle hem Roý Azimiň Kolbaýewiň garyndaşy bilen söwda edýändigi bellendi. Oňa haýyr-sahawatçy diýýärdiler. Köpçülikleýin habar serişdeleri Roý Azimiň maýyp çagalar üçin, Belowodsk internatynyň maddy kömek gözegçiligini öz üstüne alandygyny, şeýle hem Çuý sebitindäki Çaldowar obasyna, ýagny özüniň doglan we önüp-ösen ýerine maddy taýdan kömek berýändigini habar beripdi. Azimiň öz pulundan çykaryp, haýyr-sahawat etmeginiň hormatyna obada hatda köçeleriň birine onuň adyny dakdylar.


Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrligi Şweýsariýada tapylan gyrgyzystanlynyň bank hasaplary barada, gözlegiň başlandygyny aýtdy. Bu ýagdaýa bölümiň metbugat gullugynyň wekili Ernis Osmonbaýew şeýle teswir berdi:




– Şweýsariýanyň bankyndan tapylan gyrgyzystanlylaryň gizlin hasaplary we bikanun alnan serişdeleriň yzyna gaýtarylmagy bilen baglanyşykly çäre görülmelimi diýen sorag ýüze çykdy. Şonuň üçin Gyrgyzystanyň graždanlary Azim Roýyň we Nataliýa Kurmanaliýewanyň bank hasaplaryndaky maglumatlary barlamak başlandy. Biz goşmaça maglumaty soňrak bereris – diýip, Ernis Osmonbaew aýtdy.


Roý Azimiň geçmişi


Roý Azim 1981-nji ýylda birnäçe jenaýat işinde aýyplanyp; şol sanda bikanun ýarag saklamakda, spekulýasiýada we neşe serişdelerini saklamak ýaly birnäçe jenaýat üçin, 7 ýyl azatlykdan mahrum edildi. Onuň jenaýat işi 1995-nji ýylda ýatyryldy hem 1998-nji ýylda doly aklandy.


Gyrgyzystanyň Içeri işler ministrliginiň guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreş bölüminiň öňki başlygy Rafik Mambetaliýew kanun goraýjy edaralaryň häzirki wekilleriniň Roý Azimiň terjimehaly barada ýeterlik maglumatynyň ýokdugyny belleýär:


– Azim Roý ABŞ-nyň graždanini. Ol şol at bilen o ýerden raýatlyk aldy. Bu ýerde onuň ady başgady. Ol Gyrgyzystanyň graždaninidi. Ol Panfilow etrabynyň Çaldowar obasynda doglan. Şol ýerde käbir adama kömek edýär. Operatiw işgärlerinden ýa-da düýn generallyk derejesini alan birinden sorasaňyz, hiç biri ony tanamaz. Guramaçylykly jenaýat toparlarynyň wekillerini bilmezden, nädip generallyk çinini alýarlar? Muny olaryň özünden soraň... Diňe şondan soň men ol adamyň doly terjimehalyny aýdyp bereýin.

Žurnalistlerde bar bolan maglumata görä, ABŞ-da hemişelik ýaşamaga gitmek üçin, Roý Azim 1997-nji ýylda wiza anketalaryny doldurypdyr. Ol ýerde maliýe we dolandyryş işleri boýunça maslahat beriş firmasyny döredendigini we Florida ştatynda 1,27 million dollardan gowrak pula jaý satyn alandygyny görkezýär.

Şeýle-de bolsa, Azimiň ABŞ-a ýoly ýeňil bolmandyr. Ol 2001-nji ýylda ABŞ-nyň ilçihanasynda wiza anketalaryny dolduranynda, öň jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi baradaky maglumaty gizlänligi üçin, Florida ştatynda tussag edildi. Emma Amerikanyň kazyýeti 75 000 dollar girew goýlandan soň ony boşatdy. Oňa bildirilýän aýyplamalar soňra ýatyrylýar.


«Credit Suisse syrlary» baradaky proýekt


«Credit Suisse syrlary» — syzdyrylan bank hasaplaryna esaslanýan serhetara žurnalistler derňew proýektidir. Bu ýerde hem Şweýsariýanyň iň uly banky bolan “Credit Suisse’den” syzyp çykan maglumatlara esaslanýar.


Anonim çeşme bu maglumatlary Germaniýanyň Süddeutsche Zeitung gazetine berdi, ony bolsa OCCRP beýleki 46 hyzmatdaş metbugat bilen paýlaşdy.


Bäş Ýer böleginiň žurnalistleri bank faýllaryny öwrendiler, içerki adamlar, barlagçylar, derňew toparynyň sülçüleri bilen gürleşdiler we alnan netijeleri kazyýet maglumatlary we maliýe hasabatlary esasynda deňeşdirip öwrendiler.


1940-njy ýyllardan, tä 2010-njy ýyllaryň ortalaryna çenli 18 müňden gowrak syzyp çykan maglumat açyldy. Umumylykda, şol hasaplarda jemi ýüz milliard dollardan gowrak pul saklanýar.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net