Russiýanyň hüjüminden soň nebitiň global bahasy $100-den aşdy
Global durkuksyzlyk wagty degişlilikde howpsuz hasaplanýan altynyň we ýapan ýeniniň bahalary hem ýokarlandy.
Hong Konguň, Sidneýiň, Mumbaýyň we Seulyň fond biržalarynyň ählisi hem 3%-den köp pese gaçdy.
Tokio, Singapur, Taipei we Wellington bazarlary 2%-den köp aşak gaçdy.
Russiýanyň resmileri Moskwanyň alyş-çalyş biržasyndaky ähli söwdalary togtatdylar.
Rus rubly irki bazarlarda 9% gaçdy.