Britan premýeri Russiýa garşy sanksiýalaryň 'ilkinji zarbasynyň derrew' geljekdigini aýdýar
"Biz haýal etmän ykdysady sanksiýalar toplumyny dörederis" diýip, Jonson 22-nji fewralda, Kobra milli adatdan daşary howpsuzlyk komitetiniň mejlisini geçirenden soň žurnalistlere aýtdy.
"Bu Angliýanyň Russiýa garşy girizjek ykdysady sanksiýalarynyň diňe ilkinji tapgyrydyr, sebäbi biz ruslaryň has-da kän bimany hereket etmeginden alada galýarys” diýip, iňlis premýeri aýtdy.
Ol sanksiýalaryň “diňe bir Donbasdaky, Luhanskdaky we Donetskdäki guramalary däl-de, eýsem Russiýanyň öz içini-de nyşana aljakdygyny, Russiýanyň ykdysady bähbitlerine mümkin boldugyça berk gönükdiriljekdigini” aýtdy.
Jonson giriziljek sanksiýalary 22-nji fewralda parlamentiň öňünde etjek çykyşynda anyk aýan etjekdigini hem sözüne goşdy.