Makron Putin bilen Moskwada duşuşar, Şols ABŞ-a ugraýar
Makron 6-njy fewralda, sapara ugramazynyň öňüsyrasynda Baýden bilen telefonda gürleşdi. Fransiýanyň prezidentiniň aýtmagyna görä, 40 minutlyk söhbetdeşlik iki lidere, sapardan öň gowy utgaşdyrma gazanmak üçin, "dynç günlerindäki gelişmeler barada maglumat alyşmak" mümkinçiligini berdi diýip, fransuz prezidentiniň edarasy aýtdy.
Ak tam iki lideriň "Russiýanyň Ukrainanyň serhedinde dowam etdirýän goşuna toplamasyna jogap hökmünde alnyp barylýan diplomatik we öňüni alyş tagallalaryny" ara alyp maslahatlaşandygyny aýtdy. Günbatar Russiýanyň serhetde 100,000-den gowrak esger toplamagynyň Ukraina çozmagyň başlangyjy bolup biljekdigine güman edýär.
Russiýa goňşy ýurda goşun sürmek niýetiniň bardygyny inkär edýär, ýöne özüne giň gerimli howpsuzlyk kepillikleriniň berilmegini, şol sanda Ukrainanyň NATO-a goşulmagyna rugsat berilmezligini talap edýär.
Şolsuň Waşingtona edýän sapary onuň dekabr aýynda Angela Merkeliň ýerine geçeli bäri ABŞ-a eden ilkinji sapary bolar.
Germaniýanyň täze lideri Ukraina ýarag ibermäge razy bolman tankyt edilenden soň, Berliniň Ukrainadaky krizisde araçy bolmakda oýnap biljek roluny güýçlendirmegi maksat edinýär.