Добавить новость
World News in Turkmen





160*600

Новости сегодня на DirectAdvert

Новости сегодня от Adwile

Актуальные новости сегодня от ValueImpression.com


Опубликовать свою новость бесплатно - сейчас


Tokaýew KHŞG goşunlarynyň Gazagystandan çekilýändigini yglan etdi

Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew rus ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşunlarynyň öňümizdäki iki günüň içinde ýurtdan çekilip başlajakdygyny mälim etdi. Moskwadan garaşsyzlyk alan öňki Sowet ýurdunyň 30 ýyllyk taryhynda bolan iň ganly zorlugyň yz ýany, ýurtda ýagdaýlar kadalaşdy.


11-nji ýanwarda Tokaýew özüniň telewideniýe arkaly efire berlen parlament ýüzlenmesinde Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşun çekmek işleriniň öňümizdäki 10 günüň içinde tamamlanjakdygyny we düzgün-tertibiň ymykly dikeldilendigini aýtdy.


Ýangyç bahalarynyň ýokarlanmagy bilen tutaşan protestler howpsuzlyk işgärleriniň we üýşmeleňleriň birek-birek bilen çaknyşmagy netijesinde ganly tolgunyşyga öwrülenden soňra, nebite baý ýurduň ýolbaşçylarynyň Russiýanyň öňbaşçylygyndaky harby guramadan ýardam soramagy bilen KHŞG-nyň harby kontingenti bu Merkezi Aziýa ýurduna geçen hepde bardy.




Tokaýew protestleriň hökümeti agdarmakçy bolan “terrorçylar” tarapyndan ugrunyň üýtgedilendigini aýtdy, ýöne analitikler ýurtda emele gelen ýagdaýlaryň öňki lider Nursultan Nazarbaýewe eýerýänler bilen prezidentiň arasynda bolup geçen häkimiýet göreşi ýaly bolup görünýändigini aýdýarlar. Nazarbaýew 2019-njy ýylda öz saýlan yztutaryna prezidentlik wezipesini tabşyrandan soňra hem ýurtda öz täsirini ýöretdi.


Tokaýewiň 11-nji ýanwarda aýdan bellikleri häkimiýet göreşiniň ilkinji gezek tassyklanmagy ýaly bolup görünýär. Ol “ilkinji prezidentiň ýolbaşçylygy astynda ýurtda örän baý we halkara derejesinde tanalýan baý adamlaryň peýda bolandygyny” aýtdy.


“Adamlaryň özlerine degişli zatlary olaryň özlerine bermegiň wagty geldi, ulgamlaýyn ýardam üpjün etmegiň wagty geldi. Hökümet şeýle kompaniýalara olaryň Gazagystanyň Halk gaznasyna goşýan goşandy boýunça seretmeli” diýip, ol aýtdy we ýurtda "bäsdeşligi öldüren" oligarhlary günäledi.


Nazarbaýewiň töweregindäki adamlary nyşana alan möhüm ädimiň çäginde Tokaýew hökümete “ROP Operator” kompaniýasynyň işini ýapmagy buýruk berdi. Gazagystanda köpler zibili gaýtadan işleýän bu kompaniýanyň Nazarbaýewiň körpe gyzy Aliýa Nazarbaýewa bilen ilteşiklidigini aýdýarlar.


11-nji ýanwarda Tokaýew Alihan Smailowy premýer-ministriň wezipesine hödürledi, kanun çykaryjylar muny birnäçe sagadyň içinde tassyklady.


49 ýaşly Smailow Tokaýewiň geçen hepde ýurtda ozal görlüp-eşidilmedik protestleriň arasynda wezipeden boşadan hökümetinde premýer-ministriň birinji orunbasary bolup işleýärdi. Protestleriň soňy zorluk bilen utgaşyp, onuň dowamynda azyndan 163 adam heläk boldy.


Geçen hepde suwuklandyrylan nebit gazynyň bahasynyň birden ýokarlanmagy bilen günbatar Mangystau sebitinde başlanan protestler tutuş ýurda, şol sanda Almaty şäherine ýaýrandan soňra Gazagystanda durnuksyzlyk ýüze çykdy.


Ýurtda dowam edýän has giň ykdysady we syýasy nägilelikleriň arasynda tutaşan asuda protestler soňy bilen zorluk, şol sanda üýşmeleňleriň 1,8 million ilatly Almatyda we beýleki şäherlerde dükanlary we jemgyýetçilik binalaryny döküp, olary oda bermegi bilen utgaşdy.


Almaty şäher saglyk müdirliginiň başlygy Nariman Tabynbaýew 11-nji ýanwarda žurnalistlere zorluk wagty 1,200-den gowrak adamyň şikeslenmeler sebäpli lukmançylyk edaralaryna barandygyny aýtdy.


11-nji ýanwarda Içeri işler ministrligi howpsuzlyk güýçleriniň heläkçilige getiren tolgunyşyklar bilen baglylykda 9,900 adamy tussag edendigini habar berdi.




Häkimiýetler görlüp-eşidilmedik protestleriň aňyrsynda “terrorçylaryň”, şol sanda “daşary ýurt söweşijileriniň” durandygy baradaky öňe sürmelerini tassyklaýan anyk subutnamalary henize çenli hödürläp bilmeýär. Käbir adamlar zorlugyň tutaşdyrylmagy bilen bagly hökümet güýçlerini aýyplaýar.


Krizis gyzyşanda Tokaýew 5-nji ýanwarda adatdan daşary ýagdaý yglan etdi hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge ýardam berilmegi üçin rus ýolbaşçylygyndaky Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň goşunlaryny çagyrdy.


Şol bir wagtda, ol hökümeti işden boşatdy we 81 ýaşly Nazarbaýewi Milli howpsuzlyk geňeşiniň başlygy wezipesinden aýyrdy. Uzak ýyllaryň dowamynda ýurda ýolbaşçylyk eden Nazarbaýew bu wezipesiniň üsti bilen ýurtda öz täsirini ýöredýärdi.


Şeýle-de, Tokaýew Nazarbaýewiň öňden gelýän ýarany Karim Masimowy ýurduň Milli howpsuzlyk komitetiniň başlygy wezipesinden boşatdy, soňra ony watana dönüklik aýyplamasy boýunça tussag etdirdi. Başga-da birnäçe howpsuzlyk resmisi tussag astyna alyndy.


Tokaýew ýerli pula, tengä, bolan ynamy artdyrmak üçin Merkezi banka we maliýe gullugyna daşary ýurt walýutasynyň durnuklylygyny üpjün etmegi tabşyryp, özüniň ýurtda ykdysady durnuklylygy gazanmak ugrunda tagalla edýändigi barada raýatlary ynandyrmaga synanyşdy.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


Загрузка...

Читайте на сайте

Другие проекты от 123ru.net








































Другие популярные новости дня сегодня


123ru.net — быстрее, чем Я..., самые свежие и актуальные новости Вашего города — каждый день, каждый час с ежеминутным обновлением! Мгновенная публикация на языке оригинала, без модерации и без купюр в разделе Пользователи сайта 123ru.net.

Как добавить свои новости в наши трансляции? Очень просто. Достаточно отправить заявку на наш электронный адрес mail@29ru.net с указанием адреса Вашей ленты новостей в формате RSS или подать заявку на включение Вашего сайта в наш каталог через форму. После модерации заявки в течении 24 часов Ваша лента новостей начнёт транслироваться в разделе Вашего города. Все новости в нашей ленте новостей отсортированы поминутно по времени публикации, которое указано напротив каждой новости справа также как и прямая ссылка на источник информации. Если у Вас есть интересные фото Вашего города или других населённых пунктов Вашего региона мы также готовы опубликовать их в разделе Вашего города в нашем каталоге региональных сайтов, который на сегодняшний день является самым большим региональным ресурсом, охватывающим все города не только России и Украины, но ещё и Белоруссии и Абхазии. Прислать фото можно здесь. Оперативно разместить свою новость в Вашем городе можно самостоятельно через форму.



Новости 24/7 Все города России




Загрузка...


Топ 10 новостей последнего часа






Персональные новости

123ru.net — ежедневник главных новостей Вашего города и Вашего региона. 123ru.net - новости в деталях, свежий, незамыленный образ событий дня, аналитика минувших событий, прогнозы на будущее и непредвзятый взгляд на настоящее, как всегда, оперативно, честно, без купюр и цензуры каждый час, семь дней в неделю, 24 часа в сутки. Ещё больше местных городских новостей Вашего города — на порталах News-Life.pro и News24.pro. Полная лента региональных новостей на этот час — здесь. Самые свежие и популярные публикации событий в России и в мире сегодня - в ТОП-100 и на сайте Russia24.pro. С 2017 года проект 123ru.net стал мультиязычным и расширил свою аудиторию в мировом пространстве. Теперь нас читает не только русскоязычная аудитория и жители бывшего СССР, но и весь современный мир. 123ru.net - мир новостей без границ и цензуры в режиме реального времени. Каждую минуту - 123 самые горячие новости из городов и регионов. С нами Вы никогда не пропустите главное. А самым главным во все века остаётся "время" - наше и Ваше (у каждого - оно своё). Время - бесценно! Берегите и цените время. Здесь и сейчас — знакомства на 123ru.net. . Разместить свою новость локально в любом городе (и даже, на любом языке мира) можно ежесекундно (совершенно бесплатно) с мгновенной публикацией (без цензуры и модерации) самостоятельно - здесь.



Загрузка...

Загрузка...

Экология в России и мире




Путин в России и мире

Лукашенко в Беларуси и мире



123ru.netмеждународная интерактивная информационная сеть (ежеминутные новости с ежедневным интелектуальным архивом). Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net.

Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам объективный срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть — онлайн (с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии).

123ru.net — живые новости в прямом эфире!

В любую минуту Вы можете добавить свою новость мгновенно — здесь.






Здоровье в России и мире


Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России






Загрузка...

Загрузка...





Друзья 123ru.net


Информационные партнёры 123ru.net



Спонсоры 123ru.net