Eýran çalşylan türkmen gazyny Azerbaýjana iberip başlaýar
2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Hazarýaka ýurtlarynyň üçüsiniň prezidentleriniň Aşgabatda, Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) 15-nji sammitinde goldan şertnamasyna iki ýurduň nebit ministrleri tarapyndan 2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda gol çekildi.
Çalyşmak şertnamasyna laýyklykda, Eýran Türkmenistandan gaz alar we, çalşyk tölegini tutup, alan gazynyň galan bölegi möçberimdäki gazy Astara serhedinden Azerbaýjana geçirer.
Eýranyň Türkmenistandan çalyşmak şertnamasy boýunça aljak gazy ýurduň demirgazyk welaýatlarynyň isleglerini kanagatlandyrar diýip, habarda bellenýär.
Eýranyň esasy tebigy gaz ýataklary ýurduň günortasynda ýerleşýär we 1997-nji ýyldan bäri, hususan-da gyş aýlarynda, demirgazyk welaýatlary üçin türkmen gazyny import edýär.
Eýran bilen Türkmenistanyň arasynda gaz töleggler üstünde turan dawanyň nähili çözülendigi 2021-nji ýylda hem belli edilmedi.
Aşgabat 2016-njy ýylda Eýranyň türkmen gazy üçin azyndan 1,5 milliard dollar bergisiniň bardygyny öňe sürdi. Eýran bu görkezijiler bilen ylalaşmady.