“Talyban” adamlary Owganystandan gaçmazlyga yrmak üçin ymamlara ýüzlenýär
Hepde aýagynda Kabulyň gözegçiligini ele geçirip, parahatçylygy we ähli tarapy öz içine alyjy hökümet gurmak isleýändigini aýdandygyna garamazdan, talybanyň demonstrantlara garşy zorluk ulanyp, birnäçe adam pidasyna sebäp bolandygy habar berildi.
"Talyban" juma namazynyň öňüsyrasynda eden ýüzlenmesinde ymamlaryň "watandaşlaryny ýurduň ösüşi üçin işlemäge, ýurdy terk etmäge synanyşmazlyga" we "duşmanyň negatiw propagandasyna" gaýtawul bermäge çagyrmalydygyny aýtdy.
Ýaragly söweşijileriň Kabulda pyýada we ulagly aýlanyp başlamagy bilen, paýtagtdaky köçelerde esasan asudalyk höküm sürýär, kärhanalar gaýtadan açylyp başlandy. Emma muňa garamazdan, banklar we döwlet edaralary ýapyklygyna galýar.
ABŞ-nyň we ýaran esgerleriň howpsuzlygy üpjün etmegi we ewakuasiýalary çaltlaşdyrmagy bilen, Kabulyň halkara howa menzilinde köpçülikleýin uçuş operasiýasy dowam etdirilýär.