Türkmenistanyň Harby-Deňiz güýçlerine täze harby gämisi ulanylmaga berildi
Neşir bu gäminiň 2019-njy ýylda Stambulda geçirilen Goranyş industriýasynyň Halkara sergisinde gazanylan ylalaşyk esasynda “Gülhan we Dearsan” bilelikdäki türk kompaniýasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlyk etmeginde gurlandygyna ynanylýandygyny habar berýär.
11-nji awgustda Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi Türkmenistanyň Harby-Deňiz güýçlerine “Deňiz han” atly täze harby gämisiniň ulanylmaga berilendigini habar berdi.
Döwlet mediasy gäminiň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň abatlaýyş kärhanasynda gurlandygyny habar berýär.
Azatlyk Radiosy mundan ozal, geçen ýylyň tomsunda “Gülhan we Dearsan” bilelikdäki türk kompaniýasynyň işçileriniň pandemiýanyň fonunda Türkmenistandan ewakuasiýa edilmegi barada habar berdi.